Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetlileriň diňe 2%-i Türkmenistany ynamdar partnýor hasaplaýar


Illýustrasiýa.

Russiýada köpçüligiň pikirini öwrenýän barlag merkeziň geçiren pikir soralyşygyna görä, orsýetlileriň diňe 2%-i Türkmenistany Russiýanyň ynamdar we şowly partnýory hasaplaýar.

“CA News” websaýtynyň 20-nji dekabrda beren maglumatyna görä, pikir soralyşygyň netijelerinde orsýetlileriň iň az Ukraina (2%), Türkmenistana (4%), Moldowa we Gürjüstana (5%) ynanýandygy mälim edilýär.

“WSIOM” barlag merkeziniň orsýetlilerden Russiýanyň GDA döwletleriniň arasyndaky iň ynamdar partnýoryny soramak boýunça geçiren pikir soralyşygynyň netijelerine görä, orsýetliler Gazagystany we Belarusy Russiýanyň iň esasy partnýorlary hasaplaýarlar.

“Pikir soralyşyga gatnaşanlar Gazagystany (55%) we Belarusy (66%) Russiýanyň dünýä arenasyndaky iň esasy partnýorlary hasaplaýarlar. Bu ýurtlary Ermenistan (16%), Özbegistan (10%), Azerbaýjan (8%) we beýlekiler yzarlaýarlar” diýip, barlag merkeziniň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Pikir soralyşykda rus dilli raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek baradaky kriteriýanyň netijelerine görä, Belarus (69%) we Gazagystan (38) ýene ilkinji orunlarda ýerleşdirilipdir. Bu kriteriýanyň berjaý edilişi dogrusynda orsýetliler Ermenistana 13%, Ukraina 6%, Gyrgyzystana, Azerbaýjana, Moldowa we Özbegistana 5%, Gürjüstana, Täjigistana 4% we Türkmenistana 2% ynanýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG