Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lawrow, Çawuşoglu: Siriýa babatda türk-rus hyzmatdaşlygy dowam eder


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we onuň türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglu. 20-nji dekabr, 2016 ý.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we onuň türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglu Moskwa bilen Ankaranyň Siriýadaky ýagdaýlary çözmek boýunça öz hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýtdylar.

Çawuşoglu, Ankarada türk polisiýasy tarapyndan Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlow atylyp öldürilenden bir gün soň, Lawrow we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen planlaşdyrylan gepleşikleri geçirmek üçin 20-nji dekabrda Moskwa bardy.

Gepleşikleriň dowamynda çykyş eden Çawuşoglu rus diplomatynyň öldürilmeginiň arkasyndakylar Moskwa bilen Ankaranyň Siriýa babatdaky hyzmatdaşlygyny bozmak isleýärler, emma Russiýa we Türkiýe öldürilmäni guramalaşdyranlaryň bu maksada ýetmegine “rugsat bermez” diýdi.

Lawrow iki ýurduň Siriýa boýunça hyzmatdaşlygy dowam eder diýip, “jenaýata dessine reaksiýa görkezeni üçin” türk häkimiýetlerine minnetdarlygyny beýan etdi.

Şeýle-de, Lawrow Karlowyň ölümi Siriýadaky ýagdaýlar we terrorçylyga garşy göreş çäreleri babatda Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady diýdi.

Moskwada geçirilýän gepleşikleriň dowamynda üç daşary işler ministri Siriýadaky krizisi maslahat edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG