Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanadanyň hijaply ilkinji habar alyp baryjysy


Kanadaly habar alyp baryjysy

Kanadanyň esasy habar kanallarynyň biri bolan Torontonyň "CityNews" kanaly şu aýyň başynda gije sagat 11-de goýberilen habarlary alyp barmagy 29 ýaşyndaky zenan žurnalist Ginella Massa tabşyrdy.

Kanadada ilkinji gezek

Habarlary alyp baryjy hemmeleri gaty geň galdyrdy. Zenan Massa ilkinji habarlar gepleşiginden soň "Twitter" sosial ulgamynda şeýle ýazýar: "Bu gije diňe meniň üçin ähmiýetli däldi. Oýlanyp görýän welin, şu çaka çenli Kanadada hijaply hiç kim habarlar gepleşigini alyp barmandyr".

Zenan Massanyň aýtmagyna görä, ol 2015-nji ýylda Ontario ştatynyň Kitçener atly şäherinde "CTV News" telekanalyna reportažlar taýýarlan mahaly Kanadanyň ilkinji hijaply habarçysy hökmünde taryha öz adyny ýazdyrýar.

Şu ýylyň fewral aýynda ol täzeden Toronta gaýdyp gelýär we "CityNews" kanalynda habarçy bolup işläp başlaýar. Massa öz işinde habar alyp baryjy bolmagyň uly üstünlikdigini belleýär. Kanalyň redaktory bolsa onuň ilkinji hijaply habar alyp baryjy bolandygyna aýratyn üns çekýär.

"Redaktorym şeýle diýdi: "Aý, berekella! Ýogsa-da munuň, ýagny hijaply zenan habar alyp barjysynyň Kanadada ilkinji gezek bolandygyny bilýäňmi?" Men hem: "Bolup biler" diýdim. Ondan soň derrew muny "Twitter" sosial ulgamynda buşladym" diýip, ol gürrüň berýär.

Hijap sebäpli efire çykyp bilmeýänler

"Munuň örän wajypdygyny bilýärdim. Edil beýle reaksiýa garaşmaýardym. Tutuş bir hepde boýunça telefonyma dyngysyz jaň urdular" diýip, Massa aýdýar.

Sosial ulgamlarda Massa uly goldaw berilýär. Ýöne ol "Twitter" sosial ulgamynda käbir oňaýsyz ýagdaýlara hem duçar bolýar.

"Men ABŞ-da žurnalist bolan, öňe saýlanyp bilmeýän köpsanly zenan bilen telim gezek gürrüňdeş boldum. Olar maňa efire çykmakda gaty köp ýagdaýyň päsgel berýändigini aýtdylar. Olara hijaply bolany üçin efire goýberilmejegini nygtapdyrlar. Ol ýagdaýa men gaty geň galdym. Sebäbi hiç kim öz çäkli dünýägaraýşy bilen jemgyýetiň öz pikrini beýan etmegini bökdejek bolmaly däldir" diýip, hijaply žurnalist Massa aýdýär.

Esasy arzuwy

"Men hemişe teleýaýlymda ýa-da metbugatda haýsam bolsa bir wezipede işlemegi arzuw edipdim. Esasy arzuwym bolsa kameranyň öňünde çykyş etmekdi. Ýöne hut hijabym sebäpli kameranyň öňünde çykyş edip biljegimden ikirjeňlenýärdim. Seneka kolležinde (Torontoda ýerleşýän bir ýokary okuw jaýy) bilim almaga başlaýançam, arzuwymyň wideo kamera bilen amala aşjagyna o diýen ynanmaýardym. Ilkinji iş tejribäm habar otagynda boldy. Şonda men munyň hötdesinden ökdelik bilen gelip biljek kärimdigime ymykly göz ýetirdim. Şeýlelikde, men hasam hyjuwly işlemäge ümzükdim. Hijabyma garamazdan, meniň ukybyma görä işlemegime mümkinçilik berler diýip umyt edýärin" diýip, zenan žurnalist Ginella Massa nygtaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG