Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Alkogoldan zäherlenenleriň sany 60 adama ýetdi


Irkutskyň keselhanasy

Orsýetiň Sibir regionynda Irkutskda bedene serenjam bermek üçin niýetlenýän içi spirtli suwy losýony içip zäherlenenleriň arasyndaky ölüm derejesi 60 adama ýetdi.

21-nji dekabrda regionyň Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Tatýana Şkurskaýa hususy jaýlarda ýene iki adamyň öli tapylandygyny habar berdi.

Şkurskaýa zäherlenen jemi 40 sany erkek adamyň we aýalyň keselhanalarda galýandygyny we bäş adamyň bejergi alandan soň keselhanadan goýberilendigini aýtdy.

19-njy dekabrda Irkutskda içmek üçin niýetlenmedik içi alkogolly ähli önümleriň söwdasy gadagan edildi. Günüň ertesi gadagançylyk tutuş regiona ýaýrady.

Derňew komiteti beden üçin niýetlenen içi alkogolly suwuň içinde metanolyň bardygyny we onuň etanoldan tapawutlylykda adam üçin zäherlidigini aýtdy. Regionda şeýle suwy satýan 11 adamyň tussag edilendigi we ony öndürýän iki sany bikanun kärhananyň üstüniň açylandygy habar berildi.

Adamlaryň içmek üçin niýetlenmedik alkogolly serişdeleri içip zäherlenmegi bilen bagly ýagdaý Orsýetde ýygy-ýygydan duş gelýär, şeýle önümler alkogolly içgilerden has arzan bolýar.

Orsýetde alyjylaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän Rospotrebnadzor agentliginiň noýabr aýynda mälim etmegine görä, 2016-njy ýylyň dokuz aýynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça adamlaryň zäherlenmegi bilen bagly 36 müň waka hasaba alnypdyr we 9300 adam ölüpdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG