Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet işgärlerine nobatlara durmazlyk tabşyryldy


Türkmenistandaky nobatlar
Türkmenistandaky nobatlar

Şu günler Türkmenistanyň döwlet edaralarynda ýörite ýygnaklar geçirilip, işgärleriň şeker, un, çilim ýaly gyt harytlaryň nobatlarynda görünmeli däldigi barada ýörite görkezmeler berlip başlandy.

“Bize defisit harytlaryň nobatlarynda görünmeli däldigimiz barada tabşyryk berildi. Ýolbaşçylar nobatlarda ‘tutulan’ işgärleriň wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdylar” diýip, ýakynda şeýle ýygnaklaryň birinde bolan saglyk öýüniň işgärleriniň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleriniň bu soňky talaby, ýurtda käbir azyk harytlarynyň we temmäki önümleriniň bahalarynyň telim esse gymmatlan we ýiti gytçylygynyň dörän döwrüne gabat geldi.

Eýýäm ençeme aýdan bäri ýurduň dükanlarynyň öňünde şeker, ýag, un ýaly möhüm azyklar, şeýle-de çilim üçin nobata duran ýüzlerçe adamlary synlasa bolýar. Ýurduň Daşoguz ýaly sebitlerinde gyt harytlar üçin adamlar bir aý çemesi öňünden nobata ýazylýarlar. Şol bir wagtda, defisit harytlar hem çäklendirilen, ýagny her adama kesgitli bir möçberde satylýar.

Gyt harytlar üçin döreýän ençeme ýüz adamly nobatlarda dawa-jenjelleriň, hatda polisiýa ofiserleri bilen ýakalaşyklaryň hem ýüze çykýandygy barada häli-şindi maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen resmileriniň döwlet işgärleriniň nobatlarda durmaly däldigi baradaky soňky talaby bilen birlikde, bar bolan nobatlarda-da polisiýa işgärleri we raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary ýörite gözegçilik edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi Köneürgenjiň söwda nokadynyň öňündäki nobatlarda polisiýa adamlaryň, surata ýa wideo düşürmezlikleri üçin, elindäki mobil telefonlaryny hem wagtlaýyn alyp başlandyklaryny gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa hem Aşgabatdaky dükanlaryň öňündäki uly nobatlary surata düşürmekçi bolan wagty hüjüm edilip, elinden kamerasy alnypdy.

Galyberse-de, hökümet maslahatlarynda ýurtdaky azyk gytçylygy meselesiniň üstünde gytaklaýyn durlup geçilip, türkmen bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek tabşyrylsa-da, häzire çenli oňaýly özgerişlikleriň göze ilmeýändigine üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG