Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda S.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýdular


Aşgabat. S.Nyýazowyň ýadygärligi. 2014.
Aşgabat. S.Nyýazowyň ýadygärligi. 2014.

21-nji dekabrda Aşgabadyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Onuň ýogalanyna 10 ýyl boldy.

Türkmen mediasy ýurduň ilkinji prezidentini hatyralamak çäresine «jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtyň köpsanly ilatynyň gatnaşandygyny» habar berýär.

Saparmyrat Nyýazow Türkmenistana 1985-nji ýyldan 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryna çenli ýolbaşçylyk etdi. Ol halkara hukuk toparlary tarapyndan öz şahsyýet kultuny ornaşdyrmakda, başga pikirlileri basyp ýatyrmakda, adam hukuklaryny basgylamakda, syýasy-ykdysady, medeni azatlyklary yzygiderli çäklendirmekde tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG