Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýa uruş jenaýatlary panelini döredýär 


BMG-niň Baş assambleýasy Siriýadaky uruş jenaýatlaryny derňemek boýunça panel döretmegi sese goýdy.

BMG-niň Baş assambleýasy, Orsýetiň we Siriýanyň berk garşylygyna garamazdan, Siriýadaky uruş jenaýatlaryny we adam hukuklarynyň bozulmalaryny derňemek boýunça panel döretmegi sese goýdy.

Lihtentşteýn (Liechtenstein) tarapyndan taslanan rezolýusiýa 21-nji dekabrda, 105 sesiň goldamagynda, 15 sesiň garşy bolmagynda, 52 sesiň saklanmagynda kabul edildi.

Orsýet assambleýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň işine gatyşýandygyny duýdurdy. Moskwa bu geňeşde Siriýadaky uruş jenaýatçylary diýilýänleri jogapkärçilige çekmek çärelerine yzygiderli böwet bolupdy.

Eýran we Hytaý bu rezolýusiýa garşy ses berenleriň içinde boldy.

Täze döredilen panel BMG-niň Derňew komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlär. Bu komissiýa öz wagtynda uruş wagtynda edilen wagşylyklary jikme-jik görkezýän hasabatlaryň birnäçesini tabşyrypdy.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Ja'afari bu rezolýusiýa «bikanun» diýip garşy çykdy we onuň konfliktiň çözgüdine wehim salýandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG