Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Ewakuasiýa ýakyn wagtda tamamlanar


Ewakuasiýa dowam edýär.
Ewakuasiýa dowam edýär.

Gündogar Aleppodan çykman galan asuda ilaty we gozgalaňçy söweşijilery ewakuasiýa etmek işi gelýän sagatlarda tamamlanar diýip, halkara Gyzyl haç guramasynyň sözçüsi aýtdy.

Ingi Sedki galan birnäçe müň adamyň 22-nji dekabrda, onlarça awtobusly we kiçi maşynly ewakuasiýa ediljekdigini aýtdy.

“Eger hemme zat ugruna bolsa, ewakuasiýa şu gije tamamlanar" diýip, Sedki aýtdy.

Şeýle-de ol awtobuslaryň hökümetiň elindäki gabalan obalarda, Idlib welaýatynyň Foah we Kefraýa obalarynda galan adamlary hem ewakuasiýa etjekdigini aýtdy.

Halkara Gyzyl haç guramasynyň maglumatyna görä, geçen hepdeden bäri Aleppodan awtobuslar bilen 30 müň çemesi adam çykaryldy.

XS
SM
MD
LG