Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ilçisi üçin gahrymanlarça hoşlaşyk dabarasy geçirildi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 22-nji dekabr, 2016 ý.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. 22-nji dekabr, 2016 ý.

Şu hepde Türkiýede atylyp öldürilen rus ilçisine öz dogduk ýurdunda gahrymanlarça hoşlaşyk dabarasy geçirildi.

Moskwadaky Russiýanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen çärede, ýokary derejeli resmiler Andreý Karlowyň jesedi ýerleşdirilen tabydyň öňünden geçdiler. Soňra halk köpçüligine hem bu ýere girmäge rugsat berildi.

Rus prezidenti Wladimir Putin Karlowyň tabydyna gül goýup, onuň dogan-garyndaşlary bilen gürleşdi.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow rus ilçisiniň maşgala agzalaryna Karlowa berlen Russiýanyň gahrymany medalyny gowşurdy. Putin bu medal bilen Karlowy mundan bir gün ozal sylaglapdy.

Rus ilçisiniň öldürilmegi

“Andreý hemişe durmuşy söýýärdi, öz işini söýýärdi we oňa özüni bagyş edipdi. Maşgalasy we işi onuň durmuşynyň merkezidi” diýip, Lawrow aýtdy.

Karlow jaýlanylmazdan ozal, onuň jesedi Kremliň golaýyndaky Moskwanyň baş ybadathanasyna alnyp gidilmeli. Ol ýerde Russiýanyň prawoslaw kilisesiniň baştutany Patriarh Kirill jynaza mirasymyna ýolbaşçylyk eder.

Rus ilçisi 19-njy dekabrda Ankarada, sungat sergisi açylýan mahalynda türk polisiýa işgäri tarapyndan dokuz gezek atylyp öldürildi. “Aleppony unutma” diýip gygyran hüjümçi Mewlut Mert Altyntaş diýlip tanadylan polisiýa işgäri soň polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Türk-rus gatnaşyklary

Russiýanyň we Türkiýäniň resmileri köpçülikde çykyş edip, bu heläkçiligi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary bozmak synanyşygy diýip häsiýetlendirdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Türkiýe 2015-nji ýylyň noýabr aýynda türk-siriýa serhediniň çäginde rus söweş uçaryny urup ýykandan soň ýaramazlaşypdy. Emma şoňky aýlarda gatnaşyklar ep-esli derejede gowulanypdy.

Russiýa we Türkiýe Siriýanyň raýat urşunda gapma-garşylykly taraplary goldaýarlar. Moskwa prezident Başar al-Assadyň güýçlerine we Türkiýä pitneçi güýçlere goldaw berýär.

Emma Moskwanyň we Ankaranyň araçylyk etmeginde, Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelindi. Munuň netijesinde, Aleppo şäheriniň gündogar bölegindäki parahat ýaşaýjylar ewakuasiýa edildi. Russiýa we Eýran tarapyndan goldanylýan ýowuz hüjümleriň netijesinde, Siriýanyň hökümet güýçleri 2012-njy ýyldan bäri gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky territoriýalary ele saldy.

Geçen hepde Siriýanyň dört guramasy Russiýany Siriýada uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda ýa-da oňa gatnaşmakda aýyplady. Bu guramalar Russiýanyň Aleppo sebitinde amala aşyran howa zarbalarynda parahat ýaşaýjylardan 1207 adamyň ölendigini, olaryň 380 sanysynyň çagadygyny bellediler.

XS
SM
MD
LG