Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Musulman gyzlar ýüzüjilik sapagyna gatnaşmaly bolar


Burkini bilen suwa düşýän zenanlar.

Germaniýanyň esasy kanun kazyýetiniň sülçüleriniň aýtmagyna görä, mekdepde okaýan gyzlar yslam geýim kadalaryna görä sapaklardan boşadylyp bilinmez.

Germaniýada 11 ýaşyndaky çakdanaşa radikal dini garaýyşly mekdep okuwçysy bolan gyz hatda suwa düşülende geýilýän tutuş bedeni ýapýan plýaž burkinisiniň hem yslamyň geýim kadalaryny pozýandygyny öňe sürüpdir. Ýurduň iň ýokary kazyýeti bolsa bu garaýşyň tersine musulman gyzlaryň mekdepde oglanlar bilen bilelikde geçirilýän ýüzüjilik sapaklaryna gatnaşmagynyň hökmanydygy barasynda karar çykarypdyr.

"Endamy görkezýän burkini"

Nemes metbugatynyň ýazmagyna görä, çarşenbe güni Karlsruheniň esasy kanun kazyýeti şol okuwçy gyzyň ene-atasynyň beren arzasyny red edipdir. Onuň ene-atasy hem burkininiň yslam ahlagyna gabat gelmeýändigini öne sürüp, gyzynyň ýüzüjilik sapagyndan boşadylmagyny isläpdir.

Häzirki döwürde Germaniýada yslamyň jemgyýetdäki rolyna gaty jedelli garalýar. Germaniýa soňky iki ýylda aglaba köpçüligi musulman bolan, uruşlardan we başga-da dürli howplardan gaçybatalga isleýän bir milliondan köp bosguny öz ulgamyna utgaşykly ýagdaýa getirmäge synanyşýar.

Kazyýete öz garaýşyny arza bilen bildiren çakdanaşa radikal dinçi musulman okuwçy gyz şol bir wagtyň özünde beýleki kazyýet edaralaryna hem burkininiň zenanyň endamynyň şekilini görkezýändigi sebäpli dini ynanja gabat gelmeýändigi barasynda arza-şikaýatlaryny ýetiripdir.

Merkel hem ahyrynda söz aýtmaly bolupdyr

Esasy kanun kazyýeti beýleki kazyýet edaralarynyň hem şeýle garaýyş bilen ylalaşman, şol bir wagtyň özünde yslam dininiň geýinmek kadasynda "edil olar ýaly mejbury kada" duş gelinmeýändigine aýratyn üns çekendigini bildirýär.

Açyk gapylar syýasaty sebäpli köpsanly saýlawçynyň gazabyna duçar bolan kansler Angela Merkel ýerli saýlawlardaky sowsuzlykdan soň geçen hepde adamyň keşbini tutuşlygyna ýapýan musulman geýimine (nikaba) gadagan goýulmagyny teklip edipdir.

Hristiýan-demokratlaryň populist "Alternative für Deutschland" (AfD) atly partiýasyny goldaýan bölegi geçen hepde geçiren ýygnagynda, migrantlaryň jemgyýete utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly çynlakaý çäreleriň geçirilmegini isläpdir. AfD yslamyň ýurduň esasy kanunyna gabat gelmeýändigini nygtaýar.

Kansleriň şeýle teklibinden soň häkimiýetdäki partiýanyň geljek ýylky mejlis saýlawlaryndan soň nikaby gadagan etmäge synanyşjakdygy çynlakaý görnüp bilner.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG