Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Assad: Alepponyň alynmagy Siriýa parahatçylygyna şert döredýär 


Alepponyň ýumrulan jaýlary
Alepponyň ýumrulan jaýlary

Orsýetiň we Siriýanyň prezidentleri hökümet güýçleriniň 23-nji dekabrda Aleppony ele geçirmeginden kanagatlanandyklaryny aýdyp, munuň uruşdan tozan ýurtda has giň parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga şert döredendigini öňe sürdiler.

Olaryň bu sözleri aýdýan pursatynda hepdäniň başynda Aleppodan sag-aman ewakuasiýa edilen pitneçi toparlar şäheri topa tutmaga başladylar, hökümet güýçleri bolsa gozgalaňçy toparlaryň Alepponyň daşyndaky pozisiýalaryny bombalamak kampaniýasyna gaýtadan bat berdi.

Rus prezidenti Wladimir Putin ýyllyk metbugat ýygnagynda Alepponyň yzyna alynmagyny taryplap, munuň «Siriýanyň kadalaşmagynyň örän wajyp bölegidigini» aýtdy.

Putin Orsýet bilen bilelikde Siriýadaky režimi goldan Eýranyň, pitneçileri goldan Türkiýäniň hem, Allepo ewakuasiýalarynyň başa barmagy üçin eden işlerine degerli baha berdi.

Ol bu üç döwletiň Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň indiki tapgyryny gazak paýtagty Astanada geçirmek barada ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Putin biraz soň siriýaly kärdeşine telefon edip, ony Alepponyň yzyna alynmagy bilen gutlady.

XS
SM
MD
LG