Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin hüjümçisiniň wideosy Trampyň berk gaýtawulyna sebäp boldy


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Berlinde Kristmas bazaryna edilen hüjümde güman edilýän esasy şübheliniň 23-nji dekabrda çap edilen wideoda «Yslam döwleti» toparyna ygrarlylyk kasamyny etmegi ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň berk gaýtawulyna sebäp boldy.

YD-nyň Amak habar gullugy tarapyndan çap edilen wideoda, häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, polisiýa tarapyndan Italiýada atylyp öldürilen Anis Amiri görkezilýär.

Ol 19-njy dekabrda Berlin bazarynda, Günbataryň howa zarbalarynda öldürilen musulmanlaryň aryny almak üçin, ýük maşyny bilen 12 adamy öldürmekde güman edilýär.

Ähli «terror toparlaryny» ýok etmegi wada beren Tramp bu wideony görüp, Günbatar jemgyýetlerini zorlukly yslam ekstremizmine garşy söweşmäge çagyrdy.

"Germaniýada şonça kän adamy öldüren terrorçy öz jenaýatynyň öň ýanyndan «Inşalla, biz siz doňuzlary gyrarys» diýdi. Bu arassa dini we hakykata öwrülen haýbat” diýip, Tramp bu ýerdäki ýigrenje ünsi çekdi we «haçan ABŞ we ähli ýurtlar muňa gaýtawul berer?» diýip sorady.

Amiriniň wideosynda YD-nyň lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň adyna kasam içilýär we Ýewropadaky musulmanlaryň has köp hüjüm gurnamagyna çagyrylýar.

XS
SM
MD
LG