Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis häkimiýetleri terror guramasyna agza bolan üç adamy tussag etdi


Berlinde 12 adamy öldürmekde güman edilýän Anis Amiri
Berlinde 12 adamy öldürmekde güman edilýän Anis Amiri

Tunis häkimiýetleri Berlinde 12 adamy öldürmekde güman edilýän we Italiýada atylyp öldürilen Anis Amiriniň ýegenini we şol bir ekstremist toparyna dahyllylykda güman edilýän ýene iki adamy tussag edendiklerini aýdýarlar.

Bu üç adam Anis Amiriniň agza bolan terror öýjügine agza bolupdyr diýip, Tünisiň Içeri işler ministrligi 24-nji dekabrda aýtdy.

Ministrligiň aýtmagyna görä, tunis raýaty bolan Amiri öz 18 ýaşly ýegeni Fedä, onuň Ýewropada özlerine goşulmagy üçin, pul iberipdir.

Fedi Amiriniň dogduk şäheri Oueslatiada, beýleki iki adam paýtagt Tunisde tussag edildi.

XS
SM
MD
LG