Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp: BMG-niň rezolýusiýasy 'parahatçylyk ylalaşygyny kynaldar"


Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp 24-nji dekabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýyldan basylyp alnan palestin topraklarynda oba gurluşygyny bes etmegi talap edýän ses berişligi parahatçylyk ylalaşygyny «has kynlaşdyrar» diýdi.

Emma Tramp twitterde öz adminstrasiýasynyň şeýle ylalaşygy «her hilem bolanda gazanjakdygyny» öňe sürdi.

Trampyň beýanaty Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň adminstrasiýasyny Howpsuzlyk geňeşindäki ses berişlikden saklanmagy sebäpli berk tankytlan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ mundan ozal BMG-niň Ysraýyl babatdaky islendik tankydy rezolýusiýasyna weto goýmaga ýykgyn edýärdi.

Netanýahu ABŞ-nyň ses bermekden saklanmagyny «Ysraýyla garşy utançly gabaw» diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG