Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rim papasy parahatçylyga çagyrýar


Pop Fransis Siriýadaky ýaraglaryň sesiniň sem bolmagyna çagyrdy. 

Pop Fransis Ýakyn Gündogarda parahatçylyga çagyrdy we terrorçylyk sebäpli ýakynlaryny ýitirenlere rahatlyk diledi.

Rim papasy 25-nji dekabrda, merhemetli Piter bazlikasynyň balkonynda eden Kristmas ýüzlenmesinde alty ýyla golaý konfliktde aşa kän ganyň döküldendigini aýdyp, Siriýadaky ýaraglaryň sesiniň sem bolmagyna çagyrdy.

Siriýa urşunda, aýratynam Aleppodaky gazaply söweşler mahalynda ejir çekenlere salgylanyp, ol halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylykly çözgüt tapmagyna basyş etdi.

Pop Berlindäki terror hüjüminiň yz ýanyna gabat gelen ýüzlenmesinde terror akty netijesinde ýakynlaryny ýitirenlere medet diledi.

Berlinde 19-njy dekabrda Kristmas bazaryna edilen ýük maşyn hüjüminde 12 adam öldi, onlarça adam ýaralandy.

Pop Fransis palestinalylary ýigrenji we ar alşy terk etmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG