Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ‘Boeing’ uçarlary üçin $16 milliardyň ýarymyny tölejekdigini aýdýar


"Iran Air" kompaniýasynyň "Boeing 747-100 B" kysymly uçary.
"Iran Air" kompaniýasynyň "Boeing 747-100 B" kysymly uçary.

Eýran Birleşen Ştatlaryň “Boeing” firmasyndan alynjak 80 sany täze uçar üçin yglan edilen nyrhyň diňe ýarysyny tölejekdigini aýtdy.

Eýranyň resmi “IRNA” habar agentliginiň ýurduň transport ministriniň orunbasary Asgar Fahrieh Kaşana salgylanyp berýän maglumatyna görä, Tähran satyn alyş wariantlarynyň azaldylmagy sebäpli 16,6 milliard amerikan dollaryna barabar bolan ylalaşygyň diňe ýarym bahasyny tölär.

“‘Boeing’ kompaniýasy ‘Iran Air’ bilen ylalaşygynyň 16,6 milliard amerikan dollaryna barabardygyny mälim etdi. Emma buýurmanyň görnüşini we bar bolan mümkinçilikleri nazara alanymyzda, 80 sany ‘Boeing’ uçarynyň bahasy, mälim edilen nyrhdan 50 prosent pese durýar” diýlip, 25-nji dekabrda Kaşana salgylanyp habar berilýär,

“Boeing” firmasy henize çenli bu barada komentariý bilen çykyş etmedi.

11-nji dekabrda Eýranyň milli howaýollary kompaniýasy “Boeing” kompaniýasyndan “737s” kysymly 50, “777s” kysymly 30 uçary satyn almak barada ylalaşyga gol goýdy.

XS
SM
MD
LG