Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sylwester Stallone Trampyň hödürlän teklibinden gaça durupdyr


Amerikaly kino aktýor Sylwester Stallone.
Amerikaly kino aktýor Sylwester Stallone.

Amerikaly aktýor Sylwester Stallone ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Trampyň özüne hödürlän wezipesinden gaça durandygyny aýdýar. Stallone eger razylaşan bolsady onda ol ABŞ-nyň Milli amaly-haşam fondunyň baştutany wezipesine saýlanjakdy. Munuň bilen baglanşykly maglumaty "Variety" žurnaly çap edipdir.

Uruş kinofilmleri bilen meşhurlyk gazanan 70 ýaşyndaky aktýor Stallone Trampyň hödürlän teklibinden hoşal bolandygyny aýan edip, ýöne şeýle wezipede işlemegiň deregine jemgyýetçilik tagallalary bilen meşgullanmagy has ähmiýetli hasaplaýandygyny nygtaýar.

"Jemgyýetde köpçüligiň ünsüni öýüne dolanyp gelen harbylara çekmek, olary iş, ýaşaýyş jaý, girdejili durmuş bilen üpjün etmek tagallalary bilen halka has köp peýdaly boljagymy pikir edýärin. Ol gahrymanlar muňa mynasypdyr" diýip, Stallone aýdýar.

Ýatlap geçsek, Stallone ABŞ-da uruşa gatnaşanlar bilen baglanşykly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýar.

Mundan owal "Daily Mail" gazeti hem Donald Trampyň aktýor Stallonä öz adminstrasiýasynda bir wezipe teklip edendigini ýazypdy. Gürrüň Amaly-haşam fondunyň baştutanlygy hakda gozgalýar. Bu fond ABŞ-da amaly-haşam sungaty boýunça berilýän döwlet baýraklarynyň kesgitlenmegi barasynda iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG