Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Öňki Sowet Soýuzynyň giňişliklerinde täze integrasiýa zerurlyk bar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

26-njy dekabrda, ýagny Sowet Soýuzynyň dargamagynyň 25-nji ýyl dönüminden bir gün soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Sank-Peterburg şäherinde öňki sowet respublikalarynyň birnäçesiniň liderleri bilen duşuşdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow geçen hepde telewideniýede görkezilen interwýusynda Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň “betbagtçylyk” bolandygyna ynanýar diýdi.

Bu dargamany yzyna alyp bolmaýandygy sebäpli, Putin “öňki Sowet Soýuzynyň giňişliklerinde täze integrasiýa zerurlygyň bardygyna” ynanýar diýip, Peskow aýtdy.

Putin bilen geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Ermenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri Sank-Peterburga bardylar. Bu duşuşygyň dowamynda Ýewraziýa ykdysady birleşigiň we Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sammitleri hem resmi däl derejede geçirildi.

Belarus Ýewraziýa ykdysady birleşigiň we Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agzasy bolsa-da, belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenka bu duşuşyga gatnaşmady.

XS
SM
MD
LG