Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin 18 ýaşyndaky musulman gyzyň hijaby çykarylyp, saçy syryldy?


Ýasmin Seweid.
Ýasmin Seweid.

Şu aýyň başynda musulman gyz Ýasmin Seweidiň Nýu-Ýork metrosynda milletparazlyk hüjümine duçar bolandygy barada, metbugatda maglumat çap edilýär. Seweid geçen çarşenbe güni ol wakany özüniň toslap tapandygyny boýnuna alandan soň azatlykdan mahrum edildi.

Manhetten jenaýat sülçüliginde öz etmişini boýnuna alan ýaş gyz garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldy. Tussaghanada onuň hijaby çykarylyp, saçy gyrkyldy. 18 ýaşyndaky gyz polise galp maglumat bermekde we döwlet dolanşygynyň işini bökdemekde aýyplanýar. Ol aýyplamalaryň her birine görä bir ýyl tussaglyk jezasy berilýär.

Seweid Donald Tramp prezident saýlanandan soň milletparazlyk hüjümine duçar bolandygyny aýdyp, arza-şikaýat eden we başdan geçirenleri metbugatda ýaýran köpsanly musulmanyň biridir.

Seweid polise beren arzasynda, neşäniň täsiri astynda bolan üç adamyň metroda özüniň hijabyny çykarmaga synanyşandygyny öňe sürüpdir. Onuň munyň bilen baglanyşykly "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazanlaram soň pozulypdyr. Sosial ulgamdaky sahypasyna ol adamlaryň özüni "terrorçy" diýip atlandyrandygyny we "Bu ýurtdan gümüňi çek!" diýendigini ýazypdyr. Seweidiň aýtmagyna görä, metroda hiç kim oňa kömege gelmändir.

Asyl sebäbi aýdyp bilmezlikden dörän toslam

Köpsanly metbugat guramalarynyň maglumatyna görä, ol dostlary bilen içmeginiň we öýe giç gelmeginiň esasy sebäbini kakasyna gönümel aýdyp bilmänsoň, maşgalada ýazgarylyp, ýekirilmekden gorkup, şeýle wakany toslap tapmaly bolýar. Ýasminiň kakasy bolsa öz gyzyny "gaty akylly, gowy gyz" diýip atlandyrýar.

"Turning Point for Women and Families" ("Zenanlar we maşgalalar üçin yza dolanyş nokady") atly guramanyň gurujysy Robina Niaz musulman zenanlara we gyzlara, aýratynam hijaply zenanlara maşgalalarynda erbet gysyş edilýändigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Trampyň prezidentlige saýlanmagyndan soň hasam möwjäpdir. Niaz bu guramanyň hem 11-nji sentýabr hüjüminden soň maşgalalaryň gysyşyna duçar bolýan musulman gyzlara we zenanlara hemaýat üçin döredilendigini nygtaýar.

"Jemgiýetiň içinde bolşy ýaly daşynda hem Seweidä edilýän hüjümlere geňirgenýärin" diýip, özi Pakistanda ulalan, ýöne hijap geýmeýän zenan Niaz belleýär. Niazyň aýtmagyna görä, musulman jemgyýetiň käbir agzalary edilýän milletparazlyk hüjümler baradaky arza-şikaýatlara adamlaryň ynanmajagyndan howatyrlanyp, Seweid bilen onuň maşgalasyna garşy çykýarlar.

Ol: "Biz ýaş zenanlara hemaýat edip, kömek berjek bolanymyzda, esasanam olara öýde ýa-da daşarda duş gelýän problemalary hakda söz açanda ýa-da ýardam islände özüni howpsuz duýar ýaly ýagdaý döretmäge ünsi çekmelidiris" diýýär.

"Ýetginjek bolmak onsuzam kyn ýagdaýdyr"

"Bu gyzlar köpülenç bosgunyň ýa-da ABŞ-da doglan migrantlaryň çagalarydyr. Ene-atalarynyň olardan talaby gaty ýokary bolýar. Bu bolsa olary gaty güýçli basyşa sezewar edýär. Ýetginjek bolmagyň özi onsuzam gaty kyn ýagdaýdyr. Onuň üstüne musulman bolmaýan boýdaşlaryň we jemgyýetdäki gurşawyň täsirini hem goşsaňyz olaryň nähili gysyş astyndadygy doly äşgär bolýar. Boýdaşlary olaryň näme sebäpden özleri ýaly içmeýändigi, söýgüli edinmeýändigi we öýüne giç gidip bilmeýändigi bilen içgin gyzyklanýarlar. Şonuň ýaly-da, kämillik ýaşyna ýetenden soň näme üçin öz ene-atalarynyň garamagynda ýaşamagy dowam etdirýändigine geňirgenýärler" diýip, Niaz aýdýar.

"Ýetginjekler ýa-da ýaşlar beýle ýagdaýa nädip döz gelmelidir? Bolup geçýän ýagdaýlar olary gaty erbet gorkuzyp, ürküzýär welin, olar toslama ýüz urmaga mejbur bolýarlar. Ynha men hut şeýle ýagdaýa garşy göreş hem tagalla alyp barýaryn" diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.

Amerikanyň yslam gatnaşyklary geňeşinden (CAIR) Albert Fox Cahn "... Biz bolup geçýän şeýle wakalaryň musulman jemgyýetden gelip-gowuşýan köp sanly hakyky arza-şikaýatyň ünsden düşürilmegine sebäp bolmajagyny umyt edýäris.

... Onsoňam bu waka bar bolan bir faktyň ähmiýetini hem hiç hili gowşatmaýar – musulmanlara garşy ýigrenç, milletparazlyk, ýekirme we duşmançylyk jenaýatlary, guramaçylykly ýagdaýda ýeterlik derejede gün tertibine getirilmeýär. Zenan Seweid üçin häzir gaty kyn döwür boldy... Ýöne, biz näme bolsa-da, oňa goldaw beriljegine umyt edýäris".

XS
SM
MD
LG