Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tuhbatullin: Aşgabadyň hukuk goraýjylar bilen dialog gurmagyna umyt baglaýaryn


Farid Tuhbatullin

2016-njy ýylyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň region merkezlerinde şäher meýdançalarynda dikilen Täze ýyl arçalarynyň we uly monitorlaryň ýanynda geçirilýän mejbury baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylýandygy barada resmi bolmadyk habar ýaýrady.

Bu habar çyn bolsa, Türkmenistanyň býujet edaralarynyň işgärleri, studentleri we okuwçylary ençeme ýyldan bäri ilkinji gezek Täze ýyly öz maşgala ojaklarynda, ýyly jaýda garşy alyp biler.

Eýsem, taryha gidýän 2016-njy ýylda adam hukuklary meselesinde başga nähili ilerlemeler ýa-da umyt beriji ädimler boldy? Azatlyk radiosy bu barada Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.​

Azatlyk radiosy: 2016-njy ýylda geljek ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde ilerlemeleriň bolmagyna umyt berýän nähili oňyn täzelikler boldy?

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam, eger öz ýurdumyň raýaty däl-de, hukuk goraýjynyň gözi bilen seretsem, bu ýylda meniň oňyn waka hökmünde baha berip biljek birnäçe zadym bar: Türkmenistan, halkara jemgyýetçiliginiň uzak ýyllap eden basyşlaryndan soň, ahyrsoňunda Adam hukuklary boýunça milli planyny kabul etdi. Bu türkmen hökümetiniň adam hukuklary babatdaky ýagdaýy ädimme-edim strategiýa bilen özgertmek üçin, özi üçin düzen dokumenti.

Elbetde, bu sistemalaýyn özgeriş däl, ondan çalt netijelere garaşyp bolmaz. Emma bu bizde peýda bolan özboluşly bir gural, sebäbi bu adam hukuklaryny goraýjylara, BMG-niň we beýleki guramalaryň degişli bölümlerine türkmen hökümetiniň öz boýun alan plan-borçnamalaryny näderejede ýerine ýetirýändigini yzarlamak mümkinçiligini berýär.

Eger olar bu plany ýerine ýetirmese, bizde «ine, siz şu işi etmegi wada berdiňiz, emma etmediňiz» diýmäge esas bolar. Ýagny bu biz üçin oňyn täzelik we ýeterlik derejedäki optimistik ädim diýip hasaplaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Farid, bu ýyl BMG-niň Adam gynamalaryna garşy göreş komiteti Türkmenistanyň bu meseldäki hasabatyny diňläp, prezident Berdimuhamedowyň il ortalaýyn adam gynalmagyny ýazgarmagyna çagyrdy. Siz bu çagyryşa hem ýylyň pozitiw täzeligi hökmünde garaýarsyňyzmy?

Farid Tuhbatullin: Bir tarapdan, bu türkmen häkimiýetleriniň ozal halkara gurluşlarynyň, hususan-da adam hukuklary baradaky guramalaryň anyk işler, türkmen türmelerinde ýitenler barada beren anyk soraglaryna gulak asmandygyny ýa-da olary eşitmezlige salandygyny görkezýär.

Ikinji tarapdan, bu ýagdaý halkara gurluşlarynyň ozalky proseduralar, ýagny aýtmak we garaşmak, aýtmak we garaşmak bilen Türkmenistanyň häkimiýetlerinden oňyn bir zat gazanyp bolmajakdygyna düşünendiklerini aňladýar. Şu sebäpdenem, ine, şeýle dokument kabul edildi we türkmen häkimiýetleriniň oňa nähilem bolsa bir zatlar jogap bererine garaşylýar.

Men bu jogabyň pozitiw bolmagyna umyt baglaýaryn. Belki-de, ol gürrüňi edilýän adamlaryň köpüsi aýatda diri däldir, emma bu olaryň diri galanlarynyň boşadylmagyna umyt döredýär. Ýogalanlar barada bolsa, häkimiýetler olaryň garyndaşlaryna näme bolandygyny aýdarlar diýip umyt edýärin.

Azatlyk radiosy: Farid, 2017-nji ýylda türkmen häkimiýetleri bilen adam hukuklaryny goramakda bile işleşip bilmek umydyňyz barmy?

Farid Tuhbatullin: Men bu barada köp ýyl bäri aýdyp gelýärin, sebäbi biz gazagystanly, gyrgyzystanly we täjigistanly kärdeşlerimiz bilen bile işleşýäris. Olaryň hemmesiniň öz ýurtlarynyň hökümetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligi bar we olar bu mümkinçilikden peýdalanýarlar.

Olar hökümet bilen bilelikde haýsydyr bir hasabatlary, proýektleri taýýarlaýar. Şeýle-de öz ýurtlarynda adam hukuklary meselelerine bagyşlanan mejlislere arkaýyn, häkimiýetler bilen deň derejede gatnaşyp bilýärler. Olar türmelere baryp, ol ýa-da beýleki mesele barada anyk sorag-talaplar bilen-de ýüzlenip bilýärler. Bu olaryň işi üçin uly peýda.

Emma biz öz hökümetimiziň wekilleri bilen halkara konferensiýalarynda hem gürleşip bilmeýäris, olar biz bilen aragatnaşyk açmakdan gaçýarlar. Biz, resmi ýagdaýda bolmasa-da, halkara gurluşlarynyň araçylyk etmeklerinde, häkimiýetler bilen dialog, gepleşik isleýäris.

Biz olara özümiziň garakçylar däldigimizi görkezmek isleýäris. Şol bir wagtda-da biziň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyk gelýän talaplarymyz bar. Biz artyk hiç bir zat soramaýarys. Bu hili dialog türkmen hökümetiniň öz abraýyna hem gowy bolar. Men geljek ýyl bize şeýle mümkinçilik getirer diýip umyt edýärin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG