Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ hatlaryň paş edilmegi bilen baglylykda Orsýete garşy çäre görmekçi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň mediasy Birleşen Ştatlaryň ýurduň demokratik partiýasynyň elektron hatlarynyň ogurlanyp, paş edilmegine güman edilýän gatnaşygy üçin Orsýete garşy tiz wagtda jogap beriji çäreleri yglan etjekdigini habar berdi. Merkezi aňtaw gullugy demokratik dalaşgär Hillari Klintonyň hatlarynyň paş edilmegine saýlawlarda Donald Trampa ýardam bermek boýunça synanyşyk hökmünde garaýar.

Bu çäreler belli bir ugurlara gönükdirilen ykdysady sanksiýalary, tanalýan hakerlere günä ýöňkemek, orsýetli diplomatlar babatynda çäklendirmeleri girizmek we Orsýetiň resmileri barada utandyryjy gizlin maglumatlary paş etmek ýaly hereketleri öz içine alýar, diýlip “Reuters” we “Washington Post” neşirleri ady agzalmadyk resmilere salgylanyp habar berýärler.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Tramp ABŞ-nyň aňtaw guramalarynyň çaklamalaryndan tapawutlylykda, Orsýetiň gatnaşygyna şübhe bildirýändigini aýtdy.

Prezident Barak Obama ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulyşandygy üçin Orsýete garşy “biziň hereket etmegimiz gerek we biz ederis” diýip, ýakynda eden çykyşynda aýtdy.

28-nji dekabrda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa ABŞ-nyň jogap beriji çäreleri barada berlen sowala jogap berip, Ak Tamyň islendik çärelerine Orsýetiň gaýtargy berjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG