Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran türkmen gazynyň kesilmek mümkinçiligine aladalanmaýar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdymuhamedow, Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň täze ugrunyň açylyş dabarasynda, Döwletabat gaz ýatagy, 6-njy ýanwar, 2010.

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň resmisi Said Momeni Tähranyň türkmen gazynyň akdyrylmagynyň kesilmeginiň mümkindigi barada aladalanmaýandygyny aýtdy diýip, IRNA agentligi habar berýär.

Eýran resmisi öz ýurdunyň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberiniň ýurduň harç edýän gazynyň umumy möçberiniň diňe üç prosentini emele getirýändigini belläpdir.

Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda tebigy gazyň söwdasy boýunça şertnamanyň möhletiniň tiz wagtda dolýandygy we taraplaryň häzirki wagtda bu meseläni maslahat edýändigi habar berilýär.

Şu aýda Türkmenistan Eýranyň 2012-nji ýyldan bäri akdyrylan türkmen gazy üçin 2 milliard dollar bergisiniň saklanyp galýandygyny öňe sürdi.

Mundan öň oktýabr aýynda Eýran türkmen gazyna zeruryýetiniň aradan aýrylandygyny aýdypdy.

Tebigy gaza baý Türkmenistan soňky ýyllarda öz gazyny Hytaýa we Eýrana satýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG