Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, çaknyşyklar boldy


Aleppo şäherindäki Siriýanyň esgerleri. 29-njy dekabr, 2016 ý.

Siriýada Russiýanyň we Türkiýäniň başda durmagynda yglan edilen ok atyşykary bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Damaskda hökümet güýçleri bilen jeňçiler çaknyşdy.

Wadi Barada sebitinde dörän çaknyşyklary haýsy tarapyň başladandygy anyk däl.

Ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk 29-njy sentýabrda ýerli wagt bilen gije sagat 24:00-da güýje giripdi. Bu baradaky soňky ylalaşyk sentýabrda yglan edilipdi. Emma, ýüze çykan gazaplylyklar sebäpli, ol bir hepdeden soň bozulypdy.

Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy topary gijäniň dowamynda tutuş ýurt boýunça parahatçylygyň saklanandygyny aýtsa-da, Hama welaýatynda jeňçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda çaknyşyklarynyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň esasy ýarany – Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 29-njy dekabrda çykyş edip, siriýa hökümetiniň we onuň garşydaşlarynyň ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyna gol goýandyklaryny mälim etdi.

Bu ylalaşyk “Yslam döwleti” esktremistik toparyny we “Al-Nusra Frontuny” öz içine almaýar.

Mundan birnäçe gün öň, Siriýanyň hökümet güýçleri Aleppo şäherini doly gözegçiligine geçiripdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG