Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe 'Talyban' ýaragyny Täjigistanda bejerýär diýlen çaklamalary derňeýär


Demirgazyk Owganystan

Täjigistanyň resmileriniň aýtmagyna görä, olar owgan resmileriniň “Talybanyň” agyr ýaraglary orsýetli inženerler tarapyndan Täjigistanda bejerilýär diýip öňe süren beýannamasyna seredýärler.

Täjigistanyň Serhet gözegçiligi gullugynyň metbugat wekili Muhammadjon Ulughojaew şeýle çaklamalaryň esassyzdygyny 2-nji ýanwarda eden çykyşynda aýtdy. Emma ol ähli detallaryň özüne mälim däldigini aýdyp, owgan resmileriniň beýannamalarynyň öwrenilýändigini we netijeler barada hasabatyň beriljegini aýtdy.

Geçen aýda owgan mediasy Owganystanyň demirgazyk Gunduz welaýatynyň häkimi Muhammad Omar Safä salgylanyp, “Talybanyň” owgan harbylaryndan basyp alan harby tehnikasyny we ýaraglary bejermek üçin Täjigistana iberýändigini habar beripdi. Safi owgan “Talybanynyň” we Orsýetiň harbylarynyň arasynda iki ýyla golaý wagtlap hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny öňe sürüpdi.

Orsýetiň 7000 çemesi harbysy Täjigistanda ýerleşýär.

Soňky aýlarda owgan resmileri Orsýetiň “Talybana” ýardamy diýlip häsiýetlendirilen hereketlere aladalanma bildiripdi.

Orsýet sünni musulmanlaryň ekstremist topary bolan “Talybana” ýardam berýändigi baradaky çaklamalary ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG