Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'Ombudsmen hakynda' kanun güýje girdi


Türkmenistanyň parlamentiniň binasy, Aşgabat
Türkmenistanyň parlamentiniň binasy, Aşgabat

Türkmenistanda ýurduň adam hukuklary boýunça ýörite wekili ombudsmen hakynda kanun güýje girdi.

“Ombudsmen hakynda” kanunda ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň hukuklary, borçlary, işiniň esasy ugurlary kesgitlenýär we onuň işine kepil geçilýär.

Kanuna görä, ombusmen prezidentiň hödürlän üç sany dalaşgärinden parlamentiň gizlin ses berişliginiň netijesinde ses köplügi bilen saýlanmaly.

Bu wezipäniň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň döwlet goragynyň üpjün edilmegine, döwlet organlary we resmiler tarapyndan berjaý edilmegine we hormat goýulmagyna kepil geçmek üçin döredilýändigi aýdylýar.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäde ýyllarboýy adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň biridigi aýdylýan Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmäge borçly birnäçe resmi gurama, şol sanda prezidentiň garamagyndaky Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça instituty bar.

XS
SM
MD
LG