Türkmenistan Orsýetden gepatite garşy waksina getirer
Orsýetiň “Wektor-BiAlgam” kompaniýasynyň Türkmenistany “A” gepatitine garşy waksinalar bilen üpjün etmek barada üç ýyllyk şertnama baglaşandygyny “Naukagrad-press” neşri habar berýär.
Maglumata görä, Türkmenistan bilen şertnama baglaşan kompaniýa Orsýetiň däri-derman we imuno-biologiki serişdeleri öndürýän öňdebaryjy edaralarynyň biri bolup, “A” gepatitine garşy sanjymlary öndürýän ýeke-täk kärhanasydyr.
2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanda gepatit keseliniň dürli görnüşleriniň, şol sanada sarygetirmäniň epidemiýasy barada birnäçe gezek habar berilipdi. Hususan-da mekdeplerde we çagalar baglarynda çagalaryň keselçilige köpçülikleýin uçramagy bilen bagly wakalaryň ençemesi ýüze çykypdy.
Türkmenistanda ýokanç keselleriň, şol sanda gepatitiň statistikasy köpçülige mälim edilmeýär.