Siriýanyň gozgalaňçylary Orsýetiň goldamagyndaky parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak baradaky gepleşikleri hökümet güýçleriniň ok atyşygy bes etmek barada dört günlük ýaraşygy “bozmagy” sebäpli yza tesdirýändigini 2-nji ýanwarda agşam yglan etdiler.
Hökümet güýçleri 2-nji ýanwarda Damaskyň we Alepponyň daşynda öz hüjümlerini güýçlendirip, bu çäräniň şäherleriň suw üpjünçiligini kepil geçmek bilen baglydygyny aýtdylar.
Gozgalaňçy toparlar öz beýannamasynda hökümet güýçleriniň we Eýran tarapyndan goldanýan söweşijileriň basyşlarynyň parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň we Orsýetiň hem Türkiýäniň araçylygynda gelnip, 30-njy dekabrda güýje giren ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga zeper ýetirip biljegini duýdurdylar.
Siriýadaky konfliktde garşy tarapdary goldaýan Orsýet we Türkiýe BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geçen dynç günlerinde makullan parahatçylyk gepleşiklerini şu aýyň aýagynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirmek ugrunda iş alyp barýarlar.