Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Resmiler hüjümçiniň şahsyýeti anyklandy diýýärler


Reina atly gijeki klubyň girelgesinde pidalaryň hatyrasyna gül goýulýar, Stambul, 3-nji ýanwar, 2017.

Türkiýäniň daşary işler ministri täze ýyl gijesinde Stambulyň gijeki klubunda adamlary oka tutan hüjümçiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýtdy.

4-nji ýanwarda Anadoly täzelikler agentligi bilen söhbetdeşliginde Mewlut Çawuşoglu mundan başga maglumat bermedi.

1-nji ýanwarda gije ýaragly adamyň Stambulyň Reina atly gijeki klubunda ot açmagy zerarly azyndan 39 adam wepat boldy we 69 adam ýaralandy.

Çawuşoglunyň bu beýannamasynyň öňüsyrasynda Anadoly agentligi amala aşyrylýan derňewleriň çäginde 4-nji ýanwarda Egeý deňziniň Izmir portunda “Yslam döwleti” (YD) topary bilen gatnaşygy bolmakda güman edilýän bäş adamy ele salnandygyny habar beripdi.

Anadoly agentligine görä, Stambuldaky hüjüm bilen baglylykda başda azyndan 14 adam, şol sanda iki sany daşary ýurtly tussag edilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG