Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaksyň” esaslandyryjysy ABŞ-dan ogurlanan hatlaryň özüne Orsýetden gowuşandygyny ret etdi


“WikiLeaksyň” esaslandyryjysy Julian Assange

“WikiLeaksyň” esaslandyryjysy Julian Assange ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň ogurlanan müňlerçe elektron hatynyň Orsýetiň çeşmelerinden özüne gowuşandygy baradaky çaklamalary ABŞ-nyň “Fox News” media kompaniýasyna beren interwýusynda ret etdi.

Assange 2012-nji ýyldan bäri özüne baş pena beren Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda geçiren bu interwýusynda ABŞ-nyň Demokratik Milli Komitetiniň (DNC) we Klintonyň kampaniýasynyň başlygy Jon Podestanyň ogurlanan dokumentleriniň WikiLeaksa kimiň berendigini anyklaşdyrýan maglumaty takyklaşdyrmady.

WikiLeaks bu dokumentleri ABŞ-nyň prezidentini saýlamak ugrundaky kampaniýanyň dowamynda çap etdi. ABŞ-nyň aňtaw gulluklary muny Moskwanyň Klintonyň garşydaşy Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trampyň ýeňiş gazanmagy ugrundaky tagallalary diýip atlandyrdy.

“Bu çeşme Orsýetiň hökümeti däl. Bu döwlet edaralary däl” diýip Assange aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG