Prezident saýlanan Donald Tramp wezipä geçmegine üç hepdeden az wagt galanda ýene-de ABŞ-nyň aňtaw jemgyýetçiliginiň üstünden düşdi.
Tramp Twitter ulgamynda çap eden maglumatynda Orsýetiň ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasyna goşulmagy barada aňtaw gullugynyň berjek hasabatynyň 6-njy ýanwara çenli yza tesdirilendigini habar berdi we “aňtaw” sözüni goşa dyrnagyň içine aldy.
“Belki-de maglumaty toplamak üçin has köp wagt gerek bolandyr. Örän täsin” diýip, Tramp 3-nji ýanwarda Twitterde ýazdy.
Muňa garamazdan, ABŞ-nyň aňtaw resmileri hasabat bermek boýunça çäräniň geçiriljek wagtyny yza tesdirmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny habar berdiler.
ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Demokratik partiýasynyň hatlarynyň ogurlanmagynyň Orsýetiň görkezmesi bilen prezidentlik wezipesine dalaşgär Hillari Klintonyň garşysyna edilen hereket bolandygyny aýdýarlar.