Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň liderleri sammite jemlener.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglunyň Anadoly agentligine aýtmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Ilham Aliýewiň we Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk ýakyn aýlarda geçiriler.
Şeýle-de Çawuşoglu Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň arasynda hem üç taraplaýyn formaty döretmek boýunça işiň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Mundan öň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda sammitiň 2016-njy ýylyň aýagyna çenli Aşgabatda geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygy media maglumatlarynda habar berilipdi.
Bu üç ýurduň prezidentleriniň Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen sammitinde türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Hazar deňziniň düýbünden Azerbaýjanyň kenaryna çenli Trans-Hazar gaz geçirijisini çekmek boýunça proýekt ara alnyp maslahat edilipdi we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada deklarasiýa gol çekilipdi.