Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýnişteýniň ikirjiňlenen meselesi "ýylyň açyşy" yglan edildi


Albert Eýnişteýn, 1950-nji ýyllar

"Geljekde grawitasiýa tolkunlary biziň kosmosa açylan täze penjirämiz bolar" diýen sözden ugur alan " Science" žurnaly, LIGO detektoryndan peýdalanmak bilen grawitasiýa (özüne çekmek, bütindünýä dartylyş) tolkunlarynyň äşgär edilmegini ýylyň açyşy diýip yglan edýär.

"Bu ylmy üstünlik diýseň agyr zähmetiň netijesidir. Eýnişteýniň özi onlarça ýyllap şeýle tolkunlaryň bolup-bolmandygy barasynda ikirjiňlenipdir. Onuň pikrine görä, eger olar bar bolaýanda-da, olary ýüze çykarmak mümkin däldir. Çünki ol tolkunlaryň ýekelikde sanalan wagty we ýyldyz jübütleriniň dörän mahaly titreýşi gaty gowşak bolar. Ýöne indi olar anyklanypdyr we fizikler sabyrsyzlyk bilen geljekdäki netijelere garaşýarlar. Geljekde grawitasiýa tolkunlary biziň kosmosa açylan täze penjirämiz bolar" diýip, "Science" žurnaly ýazýar.

Halkara fizikler topary, grawitasiýa tolkunlaryny geçen ýylyň sentýabr aýynda LIGO grawitasiýa obserwatoriýasyndaky detektorlardan peýdalanyp ýüze çykaranam bolsa, bu barada diňe 2016-njy ýylyň 11-nji fewralynda maglumat beripdir.

Grafika, 11-nji fewral 2016-njy ýyl, NASA
Grafika, 11-nji fewral 2016-njy ýyl, NASA

Çüýşedäki embrion okyjylary diýseň gyzyklandyrýar

Ýöne geň galdyrýan ýagdaýda şol tolkunlar "Science" žurnalynyň "okyjylaryň saýlany" ugry boýunça ikinji orny eýeläp bilipdir. Embrionyň iki hepde dowamynda çüýşede ýetişdirilmek tehnologiýasyna okyjylar ondan has köp gyzyklanma bildiripdir.

"Science" žurnalynyň bu ýylky esasy açyşlar sanawynda grawitasiýa tolkunlaryndan daşaryn bize iň ýakyn ýyldyzyň (Proxima Centauri) daş-töwereginde ýer planetasyna meňzeýän planetanyň açyşy, AlphaGo emeli aň ulgamynyň döredilmegi, emeli beloklary öndürýän tehnologiýa, şonuň ýaly-da öýjükleri esasy önelge öýjügine öwürýän tilsim hem bar.

Bu ýylky ylmy açyşlaryň arasynda metamaterial we plazmonlardan ýasalan ýasy linzalar hem bar. Olardan täze kameralar we wirtual reallykda ulanylýan tuwulgalar taýýarlanar.

Döwrebap adamlaryň bütin ata-babalarynyň mundan 70 müň ýyl ozal Afrikadan göçendigini subut edýän genetiki barlag hem şol ýylyň açyşlary sanawynda orun alypdyr.

Pakistan, gadymy ýaşaýyş merkezi, 30-njy ýanwar 2014-nji ýyl
Pakistan, gadymy ýaşaýyş merkezi, 30-njy ýanwar 2014-nji ýyl

"Science" žurnalynyň ýazmagyna görä, 2016-njy ýylyň iň ähmiýetli ylmy işleriniň biri hem syçanlaryň "juwanlaşdyrylmagydyr". Alymlar syçanlaryň bedenini "garran" öýjüklerden arassalap, olaryň ömrüni ýüzden 20 göterim uzaldyp, olary juwanlaşdyrmagy başarypdyr.

Iň gülkünç ylmy açyş - maýmynlaryň özüni başgaça duýmagydyr

2016-njy ýylyň iň gülkünç ylmy açyşy maýmynlaryň özüni başgaça duýmagy, ýagny "öz" ýatlamalaryny başga pikirdir garaýyşlardan tapawutlandyryp, başgalaryň nädogry düşünip biljegine göz ýetirmek ukybynyň tassyklanmagydyr. "King-Kong" kinofilmini şimpanzelere tomaşa etdiren alymlar, olaryň şeýle ukyba eýediginiň üstüni açmagy başarypdyrlar.

"Science" žurnaly her ýylyň dekabr aýynda şol bir wagtyň özünde geljek ýylda bolup biläýjek ylmy açyşlar barasynda hem garaýyşlary çap edýär. Žurnal bu gezek Donald Trampyň ýeňiş gazanmagy we "Brexit" hadysasyna, ýagny has dogrusy taryhy wakalaryň ABŞ bilen Britaniýada ylmy nä derejede üýtgetjekdigine ünsi gönükdiripdir. Mundan daşaryn, köp hepdelik adam embrionlary bilen bikanun synaglardan, "Zika" wirusyna garşy waksinleriň adamlarda synagdan geçirilmeginden, planetolog Maýkl Browuň "geljek ýylyň ahyrlaryna gabatlap" tapmaga söz beren "Iks planetasynyň" gözlegi barasynda söz açylýar.

Sanawda Erdogan hem bar

Türkiýäniň prezidenti Erdogan, Samarkant 2003-nji ýyl.
Türkiýäniň prezidenti Erdogan, Samarkant 2003-nji ýyl.

"Science" žurnaly ylmy şowsuzlyk we birtaraply bähbitli wakalaryň sanawyny hem okyjylaryň dykgatyna hödürläpdir. Geçen ýyl bu sanawa Siriýada Palmiradaky taryhy ýadygärlikleri ýumran "Yslam döwleti" topary hem goşulypdyr. Bu ýyl bolsa iýul aýynda şowsuzlyga uçran döwlet agdarlyşygy synanyşygyndan soň ýurtda uniwersitetleri "arassalap" 15 müň professory we mugallymy işinden kowduran Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem şeýle "abraýa" mynasyp görlüpdir.

Ylmy şowsuzlyklar sanawynda amerikalylaryň "Theranos" startapynyň synmagy hem orun alypdyr. Bu maksatnamada bir damja gandan ähli keselleriň anyklanmagy wada berlipdir. ABŞ-yň Kongresiniň ýurduň ylmy guramalary bilen alyp baran aldym-berdimli "söweşleri" hem bu ýylky sanawa girilipdir. Mejlisiň konserwatiw agzalary aslynda global gyzgynlygyň ýokarlanmaýandygyny, abortlaryň zenanyň saglygyna zarba urýandygyny, muny subut eden ylmy delilleriň bolsa ylmy guramalar tarapyndan hökümetden gizlinlikde saklanýandygyny öňe sürüpdirler.

XS
SM
MD
LG