Teolog Abdullah Hito geçen ýylyň güýz paslynda "BASF" firmasynyň Düsseldorfdaky önümçilik kärhanalaryna aýlanyp görüp, sabyn, şampun we sowadyjylaryň öndürilişi bilen gyzyklanýar.
Ol şeýle sapar bilen önümleriň dindar musulmanlara kybapdaş bolup bolmaýandygyny takyklamagy ýüregine düwýär.
"Her bir zady hut turuwbaşdan derňeýäris"
"Biz her bir önümi turuwbaşdan, ýagny olaryň çig maly alýan ýerinden, tä ahyrky tapgyra çenli derňeýäris. Önümçilik kärhanasynyň bizden bidin çig mal alýan ýerini üýtgetmäge ygtyýary ýokdyr" diýip, Kuweýt uniwersitetiniň teologiýa ylymlarynyň doktory Hito aýdýar.
Onuň "Halal Quality Control" ("Halal hili derňeýän") firmasy Ýewropada önümlere halal şahadatnamasyny berýän onlarça firmanyň biridir. Halal önümleriň düzüminde spirt ýa-da haýwanlardan goşulýan maddalar ulanylmaýar. Ol önümler yslam kadasyna görä, hapa hasaplanýan maddalardan we hatda arassaçylyk maddalaryndan doly saplanmalydyr.
Özüniň kosmetika önümlerine ilkinji şahadatnamany baryp mundan dört ýyl owal alan "BASF" firmasy, häzirki döwürde ýüz arassalaýan, wanna köpürjigi we hojalykda ulanylýan arassalaýjy serişdelerde ulanylýan 145 himiki maddanyň önümçiligi bilen gyzyklanýar. "BASF-yň” iň uly bazary dünýäniň iň köp musulman ilatly ýurdy Indoneziýa hasaplanýan bolsa-da, bu firma hut günbatardaky bazar göwrüminiň hem ulalýandygyny bildirýär.
Donald Tramp musulmanlary öz ýurdunda ýaşatmajakdygyny aýdýanam bolsa, "BASF-dan” başlap sandwiç öndürýän "Subwaý" we "DKNY" moda öýüne çenli köpsanly ullakan firma bireýýäm musulmanlaryň isleglerini kanagatlandyryp girdeji gazanmagyň kül-külüne düşüpdir.
Umumy sany 1,6 milliarda baryp ýeten musulmanlar dünýäniň umumy ilatynyň 1/4 bölegini emele getirýär. Waşingtondaky "Pew" barlag merkezi asryň aýagynda olaryň haçparazlardan has köp boljagyny bildirýär. Bu ýyl önümçilik kärhanalarynyň halal kosmetika 27 milliard dollar maýa goýandygy göze ilýär. Bu görkezijiniň 2019-njy ýyla golaý 39 milliard dollara baryp ýetjekdigi çaklanýar.
"Bu bazar aýylganç ösüşe eýe bolar"
"Bu bazar aýylganç ösüşe eýe bolar" diýip, "Muslim Marketing" atly geňeşdarlyk firmasynyň müdiri Şafyk Şafi belleýär.
Halal önümler diňe halal kada görä soýlan malyň etinden ybarat däl. Bazarda hatda halal "fua-kra" (fransuzlaryň milli tagamy, gazyň ýa-da ördegiň bagryndan taýýarlanýar) we halal şerap hem bar.
Britaniýanyň "John Lewis" atly dükany hijaply mekdep eginbaşy satýar. "Uniqlo" geýim dükanlary bolsa, dizaýner Hana Tajimanyň dokama we boýagly hijaplaryny satuwa çykarýar.
Geçen ýyl Fransiýanyň "Groupe Bertrand" firmasy "Quick" gamburger dükanlar toplumyny satyn alyp, dükanlaryň köpüsini "Burger King" markasyna öwrenem bolsa, 50 dükanda "Quick" aýratynlygyny goraýar. Ol dükanlar hem musulmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde halal azyk önümlerini satýarlar.
"Ogilvy Noor" atly yslam firmasynyň gullugynyň wise-prezidenti we millemiýum neslinden musulmanlar barada ýazylan "M nesl'" atly kitabyň awtory Şelina Janmohamed käbir firmalaryň musulman bolmaýanlaryň tutumlaryndan çekinýändigi üçin, halal önüm syýasatlaryny o diýen ýaýbaňlandyrmaýandygyny öňe sürýär.
Dyrnagyň boýagy suwy geçirer
Illonoý ştatynda ýerleşýän "Maya Cosmetics" firmasy suwy geçirýän dyrnagyň boýagyny öndürýär. Bu musulmanlar üçin diýseň wajypdyr, çünki olar täret alan mahaly ellerinde suwy geçirmeýän madda bolmaly däldir.
Firmanyň esaslandyrjysy Jawed Ýounisiň aýtmagyna görä, "halal" sözi merkezi amerikalylaryň arasynda takyk görnüşde "oňaýsyzdyr".
Kölegelendirýän kremi musulman model tanadar
Ilat sanyna görä (256 million) iň uly musulman ýurt bolan Indoneziýa 2019-njy ýyla çenli ähli azyk, içgi we beýleki öndürilýän önümleriň halal kadasyna gabat gelmegini talap etmekçi. Fransiýanyň "L’Oréal" firmasynyň aýan etmegine görä, onuň Indoneziýada öndürilýän "Garnier" atly kärhanasynyň önümleriniň aglaba bölegi indi halaldyr.
Britaniýada bolsa "L’Oréal-yň” "True Match" atly täze kölegelendirýän kremini tanatmaga bir musulman model saýlanypdyr. 23 çalymlyk kremi hijaply model Amena tanadýar.
"Bu musulman zenanlar nukdaýnazaryndan esasy öwrülişik nokady boldy" diýip, britaniýaly makiaž ussasy Zukreat Nazar nygtaýar.
Oktýabrda Angliýanyň Mançester şäherinde musulmanlaryň durmuşy bilen baglanyşykly "Muslim Lifestyle Expo" atly sergä 120-ä golaý firma gatnaşypdyr. Olaryň bir topary kosmetika firmasy ekeni. Ýounis özüniň "Maýa Kosmetiks" atly firmasynyň geljek tomus oraza wagtynda öz önümlerini halk köpçüligine hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.