Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby resmi Orsýetiň Siriýadaky goşunyny çykaryp başlandygyny aýdýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Orsyýetiň baş ştabynyň başlygy general Walery Gerasimow (s)
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Orsyýetiň baş ştabynyň başlygy general Walery Gerasimow (s)

Orsýetiň harbylarynyň Siriýadaky goşunlaryny çykaryp başlandygyny Orsýetiň baş ştabynyň başlygyna salgylanyp, media serişdeleri habar berýärler.

“Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ýolbaşçysy prezident Wladimir Putiniň kararyna görä, Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýadaky goşunyny çäklendirip başlady” diýip, 6-njy ýanwarda Orsýetiň täzelikler agentlikleri general Waleriý Gerasimowy sitirlediler.

Gerasimowyň Orsýetiň “Admiral Kuznetsow” adyndaky uçar göteriji gämisiniň ýolbaşçylygynda Ortaýer deňzinde hereket edýän harby flotunyň ilkinji bolup Siriýadan yzyna dolanjagyny aýdandygy habar berilýär.

Putiniň dekabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň Siriýadaky goşunynyň sanynyň çäklendirmegi Moskwanyň we Ankaranyň araçylygynda gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylar.

Geçen ýylyň mart aýynda Putin Orsýetiň Siriýadaky harbylarynyň uly bölegini çykarjagyny aýdypdy. Şondan soň Orsýetiň harby uçarlarynyň ýarysy çemesi Siriýany terk edipdi. Emma Orsýet Siriýany harby serişdeleri bilen üpjün etmegini dowam etdirdi.

XS
SM
MD
LG