Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçilerine çäklendirmeler girizildi, ýene-de...


Türkmenistanyň Daşary ykdysadyýet banky.
Türkmenistanyň Daşary ykdysadyýet banky.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda hususy telekeçileriň öz bank hasaplaryndaky pullaryny ýerli manada nagtlaşdyryp bilýän mukdaryna çäklendirmeler girizildi. "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň berýän maglumatyna görä, mundan beýläk telekeçiler öz hasaplaryndan her aýda diňe 3 müň 500 manady (resmi kursa görä $1,000) alyp bilerler. Mundan owal bu görkeziji 35 müň manada ($10,000) çenli ýetýärdi.

Häzirki girizilen çäklendirmeler baradaky maglumaty Azatlyk Radiosynyň-da Türkmenistandaky çeşmeleri tassyklaýarlar.

Bank resmileri täze düzgüniň «Merkezi bankyň görkezmesi esasynda» girizilendigini dil üsti bilen duýduryp, munuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Bu dogrusynda döwlet mediasynda hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, telekeçilere girizilen bu çäklendirmäniň – eýýäm iki ýyldan bäri üýtgewsiz saklanyp gelýän – manadyň dollara bolan gatnaşygynyň resmi kursuna düşýän basyşyny gowşatmak üçin girizilendigini belleýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň ykdysadyýet pudagyndaky öz çeşmeleri bolsa, bu ädimiň ýurtdaky dolanşykdaky nagt pullary azaltmaga gönükdirilendigini aýtdylar.

Emma bu maglumaty türkmen bank resmilerine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy. Galyberse-de, häzir ýurtda resmi taýdan 1 dollar 3.50 manada deň bolsa, “gara bazarda” bu görkeziji tas iki esse diýen ýaly ýokarydyr, ýagny “elde” 1 dollar 6-7 manat aralygynda durýar.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal hem ýurtdaky telekeçileriň walýuta operasiýalaryna ençeme tapgyr, şol sanda pul birlikleriniň awtomatiki konwertasiýasyna-da çäklendirmeler girizilipdi.

Türkmen häkimiýetleriniň telekeçilere garşy girizilen çäklendirmeleriniň we şeýle-de dollaryň resmi söwdasyny togtatmagynyň yz ýany ýurtda daşardan getirilýän we ýurtda öndürilýän harytlaryň bahalary telim esse galyp, olaryň ençemesiniň gytçylygy hem döredi.

Mundan başga-da, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan telekeçileriň ençemesi döwletiň girizen çäklendirmelerinden soň öz işlerini bes etmeli bolandyklaryny gürrüň berdiler.

Hususy bizneslerini ýapmalary bolan türkmen telekeçileriniň ençemesini şahsy taýdan tanaýan aşgabatly Amanmyrat Bugaýew, türkmen häkimiýetleriniň soňky çäreleri netijesinde kiçi we orta biznesmenleriň “uly ýitgilere” uçrandyklaryny gürrüň berdi.

Bugaýew indi öz işini bes etmeli bolan telekeçilerden firmasyny ýapýandygy barada ýurduň gazetlerinde bildirişleri hem kabul etmeýändiklerini aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, türkmen häkimiýetleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada dymsalar-da, ýurtda telekeçiligi ösdürmek üçin “tagallalaryň edilýändigini” gaýta-gaýta tekrarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG