Sepleriň elýeterliligi

Prezident saýlawlarynyň ýeňijisi “öňünden belli”


Türkmenistanda prezident saýlawlarynda bäsleşjek kandidatlaryň altysy. Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikgulyýewiç, Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow, Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç, Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiç, Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew we Serdar Begmuhammedowiç Jelilow (çepden saga).

Türkmenistanda nobatdaky prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine bäş hepde çemesi wagt galdy. Ýurtda döwletiň iň ýokary wezipesi ugrunda dokuz kandidatyň bäsleşýändigi aýdylsa-da, şol kandidatlar we olaryň saýlaw kampaniýasy barada ilat köpçüligine köp zat belli bolman galýar.

6-njy ýanwarda çap edilen türkmen gazetlerinde üç kandidatyň (Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew, Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew, Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow) terjimehallary peýda boldy.

Türkmen telewideniýesinde 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşjek bu kandidatlaryň tas ählisiniň diýen ýaly öz maksatnamalary bilen eden birnäçe minutlyk çykyşlary görkezildi.

Şol bir wagtda, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew häzire çenli çykyş eden dalaşgärleriň çykyşlarynyň haçan telewideniýede görkeziljekdigi, olaryň duşuşyklarynyň nirede we haçan geçiriljekdigi barada ilat köpçüligine öňünden maglumat berilmeýändigini aýdýar. Şeýle-de, telewideniýede çykyş eden kandidatlaryň ählisi ýurduň “dowamly ösýändigini” öňe sürýärler.

“[Dalaşgärler] öňdenem berk binýady tutulan döwletimiz bar. Türkmenistanda ‘Döwlet adam üçindir’ diýen şygar iň ýörgünli şygar. Bizem, ynha, şony amal ederis.’ Yzyndanam häzirki ýöredilýän syýasaty doly goldaýandyklaryny aýdýarlar” diýip, Bugaýew belledi.

Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew
Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew

Şol bir wagtda, ýerli synçylar prezidentlige dalaş edýänleriň ilat arasynda onçakly köp tanalmaýandygyny, olaryň häzire çenli saýlawçylar bilen nähilidir bir duşuşyklary geçirendigi barasynda hem maglumatlaryň ýokduguny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň aýtmagyna görä, “ýurtda 2012-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndaky ýaly kandidatlar ne ilat bilen duşuşýar, ne-de saýlawlaryň boljakdygy barada köçelerde agitasiýa plakatlary asylýar. Saýlawlar barada hiç zat ýok”.

Azatlyk Radiosy 6-njy ýanwarda ýörite forum açyp, öz okyjylaryndan “Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynda bäsleşýän kandidatlar barada näme bilýärsiňiz?” diýip sorady. Forumda okyjylaryň käbirleri ýurtda edilmeli işler barada maslahat beriji mazmunda öz pikirini galdyrsa, käbirleri prezident saýlawlarynda haýsy kandidatyň “ýeňiji boljagynyň bellidigini” ýazypdyrlar.

Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew
Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew

Özüni “Relaity” diýip tanyşdyran okyjymyz: “Ýekeje we anyk bilýän bir zadym bar. Ol hem olaryň ýekejesiniň hem jemi saýlawa ses bermäge gatnaşanlaryň sesiniň 4-5% ýetip bilmejegi we seçilip bilmejegi. Şu zatlary göz öňünde tutanymyzda olar ýa-da başgalar hakda köp zat bilmegimiz hökman dälmikän diýýän” diýip, öz ýazan teswirinde belläpdir.

Azatlyk Radiosynyň Facebookdaky sahypasynda özüni Aleksandro diýip tanyşdyran okyjymyz bolsa, Türkiýede geçirilýän prezident saýlawlarynda türk hökümetiniň daşary ýurtdaky türkleriň saýlawlara gatnaşmagy üçin şert döredýändigini aýdyp, şeýle ýazypdyr:

“Türkmenistan Türkiýä we Russiýa öz saýlaw resmilerini ugratsyn we bu ýurtdaky türkmenler hem saýlawlara gatnaşsyň” diýip, teswirinde ýazypdyr.

Ýeri gelende bellesek, bu teswirler Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny hiç hili şöhlelendirmeýär.

Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow
Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow

Şu aýyň başynda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary saýlaw kampaniýasy döwri informasiýa goldawyny üpjün etmek maksady bilen, ýörite websaýty hem ýola goýdy.

Emma türkmen, rus we iňlis dillerinde maglumatlar ýerleşdirilen bu sahypada degişli kanun-namalarynyň, syn we habar görnüşli maglumatlaryň ýerleşdirilendigi nygtalsa-da, 6-njy ýanwar güni bu saýtda ýokarda wada berlen maglumatlaryň aglabasy tapdyrmaýar. Şeýle-de, prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alnan kandidatlar, olaryň maksatnamalary dogrusynda-da hiç hili material ýerleşdirilmändir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG