Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa gelýän migrant azaldy, deňizde ölýän köpeldi


Liwiýanyň kenarlarynda halas edilen migrantlar, 3-nji oktýabr, 2016

Halkara guramalary deňiz arkaly Ýewropa Bileleşigine gelýän migrantlaryň möçberiniň geçen ýyl üçden ikä golaý azalandygyny, emma Ortaýer deňzinde ölýänleriň sanynyň rekord derejede köpelip,5,079-a ýetendiginia ýdýarlar.

ÝB-niň Frontex serhet gullugynyň 6-njy ýanwarda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, deňiz arkaly Ýewropa Bileleşigine gelýän migrantlaryň sany ondan öňki ýylda bir milliondan gowrak bolanlygyndan, 2016-njy ýylda 364 müňe düşdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, ÝW bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan ylalaşyk we türk resmileriniň serhet gözegçiligini has berkitmegi grek adalaryna gelýän migrantlaryň sanynyň 79 prosent azalmagyna getiripdir.

Emma muňa garamazdan, Demirgazyk Afrikadan Italiýa gelýän migrantlaryň sany 20 prosent çemesi köpelip, rekord derejä, 182,500-e ýetipdir.

Şu aralykda, BMG-niň Migrasiýa edarasynyň maglumatyna görä, Ortaýer deňzinde ýiten migrantlaryň sany 34 prosent köpelip, geçen ýyl azyndan 5,079 adam boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG