Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Florida aeroportyndaky atyşykda güman edilýäne aýyp bildirildi


Fort Lauderdale-Hollywood halkara uçar meýdany

Amerikan prokurorlary Florida aeroportynda ganly atyşygy amala aşyrmakda güman edilýän adama aýyp bildirdiler.

26 ýaşyndaky Esteban Santiago 6-njy ýanwarda Fort Lauderdale-Hollywood halkara aeroportynda bäş adamy atyp öldürmekde, alty adamy ýaralamakda aýyplandy.

Prokurorlar 7-nji ýanwarda güman edilýäniň ok atýan ýaragly halkara aeroportynda adam pidalaryna getiren zorlukly hereketi amala aşyrmakda günälenýändigini aýtdylar.

Sülçiler bu atyşykda güman edilýäniň ruhy ýagdaýynyň ol ýa-da beýleki rolunyň bolup-bolmandygyny derňeýärler. Santiagonyň dogany onuň soňky wagtlar psihologiki bejeriş alandygyny aýtdy.

FBI, Federal derňew býurosy Yrak urşunyň weterany bolan Santiagonyň bu hüjümi amala aşyrmak üçin Alýaskadan Fort Lauderdale, Floridanyň halkara aeroportyna ýörite gelendigini aýtdy.

Alýaskanyň polisiýasy geçen ýyl bu adamyň ýaragyny elinden aldy, emma dekabrda, medisina barlagy netijesinde onuň ruhy sagdynlygy anyklanandan soň, ýarag yzyna gaýtarylyp berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG