Rus syýasy aktiwsti, bikanun demonstrasiýa gatnaşandygy üçin iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ildar Dadiniň, bir aýdan gowrak wagtdan soň, nirede saklanýandygy belli boldy.
Dadin aýaly Anastasiýa Zotowa telefon edip, özüniň Altaý ülkesindäki 5-nji koloniýada saklanylýandygyny aýtdy. Zotowa bu barada 8-nji ýanwarda, sosial mediada habar berdi.
Dadin noýabrda özüniň Kareliýa türmesinde gynalýandygy barada açyk hat çap etdi. Häkimiýetler 5-nji dekabrda onuň başga ýere geçiriljekdigini aýtdylar. Şondan bäri Dadinden hiç bir habar ýokdy.