Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziada-2017-iň PR kampaniýasy başlanýar


Türkmenistan Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlanýar
Türkmenistan Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlanýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabatda geçirilmeli “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen “dünýä jemgyýetçiligini tanyşdarmaga” gönükdirilen çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlady.

Beýannamada Aziýa oýunlaryny beýan etmekde: fewralda Sapporo şäherinde geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlary, Gazagystanyň Almaty şäherinde ýanwar-fewral aýlarynda geçiriljek Bütindünýä gyşky uniwersiada, iýulda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek Yslam sport oýunlary we beýleki iri çäreleriň barşynda tanyşdyryş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen häkimiýetleri BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we Ženewadaky baş edaralarynda hem sergileriň gurnaljakdygyny mälim edýärler.

Resmi maglumata görä, Ministrlik ýurduň beýleki düzümleri bilen bu ugurda käbir halkara habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ýoly goýup; Youtube, Facebook, Twitter, Instagram ýaly sosial ulgamlaryndan hem peýdalanar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen resmileriniň ýurduň “häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary” bilen tanyşdyrmak meýillerini yglan etmegi bilen birlikde, Türkmenistan media azatlygy boýunça dünýäniň iň erbet ýurtlarynyň arasynda agzalyp geçilýär; onuň “peýdalanjakdygyny” aýdýan, ýokarda agzalyp geçilen sosial ulgamlarynyň-da tas ählisi diýen ýaly ýurtda petikli bolmagyna galýar.

Galyberse-de türkmen resmileri geçiriljek diýilýän tanyşdyryş çärelerine, umuman, Aziada-2017 oýunlary bilen baglylykda döwlet býujetinden näçe maliýe serişdesiniň goýberilýändigi dogursyndaky jikme-jik maglumatlary häzirlikçe aýan etmän gelýärler. Bu ugurda Olimpiýa şäherjeginiň özüne 5 milliard dollaryň we Oýunlara gabatlap gurlan täze aeroporta 2,3 milliard dollaryň çykarylandygy belli.

Şol bir wagtda, häzir ýurtda türkmen ýaşlarynyň arasynda tölegsiz, ýagny “meýletinçi” hökmünde Aziada-2017-de iňlis dilinden terjimeçi bolup işlejekleriň gözlenýändigi dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.

“Men daşary ýurtdan medisina ugry boýunça alan diplomumy tassyklatmak üçin Türkmenistana baranymda, meniň iňlis dilini bilip-bilmeýändigim bilen gyzyklanyp, [Aziýa oýunlarynda] tölegsiz terjimeçi bolup işlemegi teklip etdiler. Men ýüz öwürdim” diýip, Belarusda okap gelen Ylýas gürrüň berdi.

Ylýas bu teklibiň – onuň öz sözleri bilen aýdylanda – iňlis dilini gowşak bilýän dostlaryna-da edilendigini, olaryň hem razylygyndan soň, hiç hili hünär barlargyny geçirmän meýletinçi hökmünde işe alnandyklaryny gürrüň berdi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Awstraliýa 17-27-nji sentýabr aralygynda geçjek oýunlara gatnaşmajakdygyny yglan etdi. Awstraliýanyň degişli resmisi muny ýurduň türgenleriniň aglabasynyň öz gün tertibini 2018-nji ýyla görä planlaşdyrandygy bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG