Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana uly möçberde tebigy uranyň iberilmegi makullandy


Eýranyň barlag reaktory, Tähran
Eýranyň barlag reaktory, Tähran

ABŞ-nyň mediasy Barak Obamanyň administrasiýasynyň we dünýäniň beýleki täsirli döwletleriniň Tähran bilen ylalaşygyň çäginde Orsýetden Eýrana uly möçberde tebigy uranyň iberilmegini makullandygyny habar berdi.

Diplomatlaryň “Associated Press” we “Fox News” agentliklerine aýtmagyna görä, Eýran bilen ylalaşyk baglaşan Birleşen Ştatlaryň we dünýäniň bäş täsirli ýurdunyň makullamagynda Eýrana 116 metrik tonna tebigy uranyň aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Tähran şuňa deň möçberde tebigy urana 2015-nji ýylda eýýäm eýe bolup, onuň deregine baýlaşdyrylan urany Orsýete iberipdi.

Eýranyň urany ulanyşyna BMG-niň edaralary gözegçilik edýärler.

XS
SM
MD
LG