Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Arap Emirlikleriniň bäş diplomaty Kandaharda wepat boldy


Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystandaky ilçisi Juma Al-Kabi (ç) we Kandaharyň häkimi Hamaýoon Azizi (s) Kandahardaky çärede, Owganystan, 10-njy ýanwar, 2017

Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti 10-njy ýanwarda Owganystanyň Kandahar şäherinde bolan bomba partlamasynda özüniň bäş diplomatynyň öldürlendigini aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümetiniň 11-nji ýanwarda eden bu beýannamasynda agzalan diplomatlaryň Owganystanda ynsanperwer, bilim we ösüş ugurlaryndan iş alyp barandygy habar berildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystandaky ilçisi Juma Al-Kabi we Kandaharyň häkimi Hamaýoon Azizi welaýatyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bolan partlamada ýaralanypdyr.

Owgan resmileri partlama zerarly azyndan ýedi adamyň wepat bolandygyny we 18 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti şeih Halifa bin Zaýed al-Naýýan döwlet baýdaklaryny düşürmegi we üç günlük resmi matam yglan etmegi tabşyrdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, “Talyban” öz gatnaşygynyň bolmagyny ret etdi.

Häkimiýetler partlamanyň ýerli duşmançylykly hereketleriň netijesi bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG