Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: ABŞ noýabrdaky ok atyşykda 33 raýatyň ölendigini boýun aldy


Owganystanyň Gunduz welaýaty, 1-nji ýanwar, 2017.

ABŞ-nyň harbylary noýabr aýynda “Talybanyň” söweşijileri bilen bolan ok atyşygynda ABŞ-nyň güýçleriniň 33 sany owgan raýatyny öldüredigini mälim etdi.

12-nji ýanwarda çap eden beýannamasynda harbylar bolan ýagdaýy gynandyryjy diýip atlandyrdylar we söweşijileriň “raýatlaryň öýlerini ok atyşykda özlerine pena hökmünde ulanmagynyň” adam pidasyna getirendigini aýtdylar.

Gunduz welaýatynyň Boz obasynda ýüze çykan ok atyşyk zerarly 27 ýaşaýjysy ýaralandy. Wepat bolanlaryň arasynda çagalar hem bardy. Heläk bolan parahat ýaşaýjylaryň käbiriniň “Talybanyň” söweşijileriniň garyndaşlary bolandygy çak edilýär.

Bu waka Owganystanda gahar-gazap döretdi. BMG-niň Owganystandaky missiýasy “raýatlaryň ölümi ýol bererlikli däldir we Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy döretmek boýunça tagallalaryň ähmiýetini gaçyrýar” diýip belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG