Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Orsýetde ykdysady ösüşe garamazdan, işsizlik öňküligine saklanar


Iş orunlarynyň bazary, Sankt Peterburg
Iş orunlarynyň bazary, Sankt Peterburg

Orsýetiň ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallygy şu ýyl adamlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini gowulandyryp bilmez, işsizlik derejesi ýokary bolmagynda galar diýip, Halkara zähmet guramasy 12-nji ýanwarda aýtdy.

“Global derejede nebitiň bahasynyň pese gaçmagy Ýewropa Bileleşiginiň hem ABŞ-nyň sanksiýalary bilen bilelikde Orsýet Federasiýasynyň ykdysadyýetine agram saldy” diýip BMG degişli guramanyň 2017-nji ýylda dünýäde işsizlik meselesi baradaky hasabatynda aýtdy.

Orsýetiň ykydsadyýetiniň görkezen 1.5% derejesindäki ösüşi geçen ýyldan bäri nebitiň bahasynyň ýokarlanmagyna we Ýewropa Bileleşiginiň “sanksiýalarynyň ýatyrylmagy” baradaky maglumatlara bagly diýlip, hasabatda bellenýär.

Şol bir wagtda-da gurama Orsýetde işsizleriň sanynyň geçen ýylyň derejesinde saklanmagyny çak edýär we 4.3 million adamdan ybarat sany öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG