Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow hökümetiň işini öwüp, ýene kadr çalyşdy


Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, hökümetiň 2016-njy ýyldaky işine oňyn baha berdi we ýene bir gezek kadrlaryň ýerini çalyşdy.

Türkmen mediasy bu mejlisiň geçen ýylyň jemlerine, 2017-nji ýylda ýurdy ösdürmek boýunça ileri tutulýan meselelere bagyşlanandygyny habar berýär.

Mejlisde wise-premýerler B. Hojamämedow, B. Ereşow, Ý. Kakaýew, B. Atdaýew, S. Satlykow, G. Mämedowa, S. Toýlyýew, Ş. Durdylyýew, maliýe ministri M. Muhammedow, ykdysadyýet we ösüş ministri B. Bazarow we beýleki resmiler «geçen ýylda gazanylan üstünlikler barada hasabat berdi» diýip, türkmen telewideniýesiniň habarynda aýdylýar.

Hökümet wekilleriniň tassyklamagyna görä, geçen ýyl «ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, inwestisiýa mümkinçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ilatyň abadançylygyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler edilipdir».

Şeýle-de, «hasabat döwründe býujet serişdeleriniň 80 prosentden gowragy sosial pudagy maliýeleşdirmäge gönükdirildi, aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömekleri we stipendiýalar öz wagtynda we doly tölenildi» diýilýär.

Statistika baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Aýna Oraýewanyň sözlerine ynanylsa, geçen ýyl «hakykatda ähli ugurlar boýunça» öndürilýän önümleriň möçberi köpeldi, oba hojalygynda hem «oňyn tendesiýalar» göründi.

Prezident Berdimuhamedow hökümetiň işiniň jemlerine baha berende ýolbaşçylaryň hasabatlaryna salgylanyp, "biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, oňat netijeler bilen tamamladyk" diýdi.

Şeýle-de ol, «biz şu hili çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlerde bitaraplyk syýasatynyň döwletiň ösüşine oňyn, durnuklaşdyryjy täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik» diýen pikiri öňe sürdi.

Emma bu aýdylýanalara garamazdan, prezident Berdimuhamedow ýene-de nobatdaky köpçülikleýin kadr çalşygyny geçirdi.

Wise-premýer S.Satlykow Balkan welaýatynyň häkimligine - ozalky wezipesine bellenildi. Ozalky häkim D. Durdyýewiň işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadylandygy aýdylýar. Satlykowyň ýerine demirýol transporty ministri bolup işlän B. Annameredow bellenildi.

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy D. Amangeldiýew Ş. Durdylyýewiň ýerine, gurluşyk we elektrik energiýasy boýunça wise-premýerlige bellendi, Durdylyýew bolsa Aşgabat şäheriniň işden aýrylan häkiminiň ornuna geçirildi. Ş. Durdylyýewiň prezident diwanynyň başlygy wezipesi bolsa, ozal jemagat hojalygy ministri bolan M. Nurmämedowa berildi.

Bulardan başga, ozalky käbir ilçileriň goşmaça wezipelere bellenendigi, onlarça resminiň, işini oňarmandygy üçin diýlip, wezipesinden boşadylandygy habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň ikinji ýarymynda geçiren mejlislerinde hökümet resmilerini yzygiderli tankyt edip, olara käýinç, berk käýinç we hatda wise-premýer B. Hojamämedowa soňky duýduryşyny hem beripdi.

Bu nägilelikler ýurtda öndürilýän önümleriň möçberi, daşardan satyn alynýan önümlere köp altyn puluň gitmegi, dükanlarda we bazarlarda emele gelen haryt ýetmezçiligi, aýlyklaryň wagtynda berilmezligi, ýerleriň şorladylmagy hem-de hasyllylygyň pesligi we beýlekiler bilen bagly bolupdy.

Walýuta, dollar söwdasyna girizilen çäklendirmeler bilen bagly, Türkmenistanda geçen ýyl ilatyň esasy sarp edýän harytlarynyň, hususan-da şekeriň, ýagyň we ýumurtganyň, şeýle-de temmäki önümleriniň uzyn nobatlary döredi we dükanlaryň agzyndaky tertip-düzgüni berjaý etmek üçin, polisiýa işgärlerini ýerleşdirmeli boldy.

Bu ýagdaýlar geçen ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisde 50 çemesi resmä käýinç berilmegine getirdi.

Şol bir wagtda, türkmen režiminiň tankytçylary bu emele gelen ýagdaýy ýurtdaky kadr geldi-geçerlikleri, prezident Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň bazar kanunlaryna gabat gelmezligi, döwlet serişdeleriniň bir adamyň karary bilen bu golaýda özüni ödemejek gymmatbaha proýektlere harçlanmagy bilen baglaýarlar.

Teswirleri gör (7)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG