Parižde 15-nji ýanwarda, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan ýola goýmak hem-de iki döwlet çözgüdine gaýtadan goldaw bildirmek üçin 70-den gowrak ýurduň we guramanyň wekilleri maslahata toplandy.
Palestinalylar bu ýygnanyşygy gutlady, emma Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu oňa gatnaşmagy ret edip, bu konferensiýanyň Ysraýyla garşy «galplaşdyrmadygyny» öňe sürdi.
Göni parahatçylyk gepleşikleriniň soňky tapgyry 2014-nji ýylyň aprelinde, dokuz aýlyk gepleşiklerden soň, oňşuksyzlyk arasynda syndy.
Bu maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri hem gatnaşýar, emma Donald Trampyň geljekki adminstrasiýasynyň wekilleri gatnaşmaýar.
Onýyllyklara çeken ysraýyl-palestin konfliktinde iň ynjyk we çylşyrymly meseleleriň biri Ýerusalimiň durumy bolup durýar.
Tramp saýlaw kampaniýasy mahalynda Ýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmek we bu ýurtdaky amerikan ilçihanasyny Tel-Awiwden Ýerusalime göçürmek wadasyny berdi.