Orsýetiň Saratow sebitinde bolan ýol hadysasynda ýedi sany gyrgyz migranty wepat boldy diýip, rus habar gulluklary ýazýar.
Metbugat habarlaryna görä, migrnat işçileri alyp barýan minibus 15-nji ýanwarda Tarumowka obasynyň ýanyndaky uly ýolda başga bir maşyn bilen çakyşypdyr.
Rus häkimiýetleri bu ganly hadysa boýunça derňew işleriniň başlanandygyny aýdýarlar.
Gyrgyz migrantlary, aýdylmagyna görä, gazak-rus serhedinden 14-nji ýanwarda geçipdirler.
Garypçylyk we iş ýetmezçiligi ýüzlerçe gyrgyzystanlyny Orsýetden iş gözlemäge mejbur edýär.