Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň administrasiýasynyň başlygynyň öňki orunbasary wezipeden boşadylandan iki gün soň, tussag edildi.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (KNB) 16-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, Baglan Mailybaýew 14-nji ýanwarda tussag edildi we ol gizlin maglumatlary paş etmekde aýyplanýar.
Bu komitetiň maglumatynda gazak prezidentiniň administrasiýasynyň ýerli syýasat boýunça departamentiniň başlygynyň öňki orunbasary Nikolaý Galihiniň hem şol bir aýyplamalar esasynda tussag edilendigi mälim edildi.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti gürrüňi edilýän iki adamyň deslapky tussaghana ugradylandygyny we olaryň bu ýerde iki aý saklanyljakdygyny aýtdy. Bu komitet tussag edilen adamlara ýöňkelýän aýyplamalar barada jikme-jik maglumatlary bermedi.
Nazarbaýew Mailybaýewi 12-nji ýanwarda wezipesinden boşadypdy.