Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hijaply okuwçydan prezidente hormatsyzlyk...


Hijaply okuwçy Germaniýanyň prezidentine el uzatmakdan gaça durýar.

Kansler Angela Merkeliň burkany gadagan etmek hakda çagyryş bermeginden iki hepde geçensoň, hijaply bir okuwçy Germaniýanyň prezidenti bilen elleşmekden saklanypdyr.

Köln şäheriniň golaýyndaky Theodor Heuss atly mekdebiň okuwçysy prezident Joachim Gauckuň özüne uzadan eliniň howada galmagyna sebäp bolýar. Okuwçy gyz elini özüne çekip, baş egmek bilen prezidente salam berýär.

Garaşylmadyk ýagdaýda şeýle hormatsyzlyga duçar bolan prezident Gauck derrew uzadan elini yzyna çekip, beýleki okuwçylar bilen elleşipdir.

Bu hormatsyzlyk ýaly görünýänem bolsa...

Bu oňaýsyz hereket ýaly görünýänem bolsa, musulmanlaryň aglaba köpçüligi zenanyň erkek adam bilen elleşmegini yslamda ýerliksiz hasaplaýarlar.

Gürrüňi edilýän mekdep migrant çagalara nemes dilini öwredýär we olaryň jemgyýet bilen utgaşyp, ysnyşmagyna ýardam berýär. Prezidentiň saparynyň maksady hem hut şol tagalla aýratyn üns çekmek ekeni.

Bu hadysa kansler Angela Merkeliň burkany gadagan etmek barasynda eden çykyşyndan iki hepde soň yüze çykýar.

Hristiýan-demokrat bileleşiginiň (CDU) agzalary kansleriň burka we hijaby "mümkin bolan iň gysga wagtda" gadagan etmek barasynda eden çagyryşyna güýçli çapaklar bilen goldaw berdirler.

"Biziň kadamyz şeýle: Ýüzüňizi görkeziň"

Kansler: "Biziň kadamyz şeýle: Ýüzüňizi görkeziň. Şonuň üçinem hemme ýeriňi ýapýan eginbaşy kabul etmeýäris we bu gadagan edilmelidir" diýipdi.

CDU kazyýet bilen mekdeplerde, uniwersitetlerde we transportda, polis barlagynda adamynyň tutuş bedenini ýapýan eginbaşyň geýilmegini gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

Merkel şol bir wagtyň özünde migrantlaryň giň gerimli göçhä-göçlüginiň hem gaýtalanjakdygyna üns çekipdir.

Geçen hepde Germaniýanyň goranmak ministri Ursula von-der-Leyer Saud Arabystanynda mirasdüşer şazadanyň orunbasary Mohammed bin Salman al Saud bilen duşuşan mahaly hijap geýmekden gaça durupdyr. Nemes zenan ministriň bu hereketine saudiýalylar oňaýly garamandyrlar. Olar öz gazaplaryny "Twitter" sosial ulgamynda beýan edipdirler.

"Eginbaşy saýlamak erkek adamlar bilen zenanlaryň erkin hak-hukugydyr"

Twitleriň birinde şeýle diýilýär: "Germaniýanyň Goranmak ministriniň Saudiýada hijap geýmezligi bilkastlaýyndyr. Bu Saud Arabystanyna äsgermezçilikdir".

Eýranyň bir gazetiniň ýazmagyna görä, Von der Leyen şeýle diýipdir: "Meniň ýolbaşçylygymdaky topardaky haýsam bolsa bir zenandan dini eginbaş geýmek talap edilmeli däldir. Çünki, eginbaşy saýlap almak erkek adamlar bilen zenanlaryň bilelikdäki erkin hak-hukugydyr".

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG