Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda prezidentlige kandidatlary hasaba almak tamamlandy


Gypjak obasynda ses berýän ene, dekabr, 2013.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlaryna kandidatlary hasaba almagyň tamamlanandygyny yglan etdi, türkmen telewideniýesi dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň dowam edýändigini habar berýär.

Prezident saýlawlary barada maglumat bermek üçin döredilen ýörite saýtda 17-nji ýanwarda habar berilmegine görä, saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyna bellenen saýlawlara 25 gün galanda bäsleşige goşuljak kandidatlary hasaba almak bes edildi.
Ozal habar berlişi ýaly, bu gezekki prezident saýlawlaryna Demokratik, ozalky Kommunistik partiýadan iş başyndaky prezident Gurbanguly

Berdimuhamedowdan başga ýene sekiz kandidat gatnaşýar. Ol kandidatlaryň ikisi syýasy partiýalaryň - Senagatçylar we telekeçiler,Agrar partiýalarynyň wekilleri bolsa, galan altysy saýlawçylaryň inisiatiwa toparlarynyň hödürlän dalaşgärleri hökmünde bäsleşige gatnaşýar.

Türkmen mediasy prezidentlige kandidatlaryňsaýlawçylar bilen duşuşyklarynyň «ýokary guramaçylyk ýagdaýynda dowam edýändigini» habar berýär. Ýöne türkmen telewideniýesiniň reportažlaryndan saýlawçylaryň kandidatlara berýän soraglaryny ýa-da kandidatlaryň öz sözleri bilen berýän jogaplaryny eşidip bolmaýar.

Bellemeli ýeri, türkmen telewideniýesi prezident Berdimuhamedowdan beýleki kandidatlaryň ählisiniň öz programmalary bilen çykyş edişini görkezdi. Emma synçylar olaryň ählisiniň öz programmalaryny başyny kagyzdan galdyrman okandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda kandidatlaryň ählisiniň progrmmalarynda «döwlet adam üçindir» diýen syýasaty goldaýarys, döwletimiz ozalam kuwwatly, ösen döwlet, biz ony mundan beýläk hem ösdürmek üçin elden gelen zady ederis» diýen ýaly umumy sözleriň aýdylýandygy, olaryň hemmesiniň häzirki syýasaty doly goldaýandygy habar berilýär.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar indiki aýda boljak prezident saýlawlaryna halk içinde hiç bir gyzyklanmanyň görünmeýändigini, adamlaryň ol ýa-da beýleki kandidat, onuň aýdan zatlary barada hiç hili gürrüň etmeýändiklerini aýtdylar.

«Kandidatlar bilen duşuşyklara barýanlaryň ählisi, telewideniýede görnüşinden belli bolşuna görä, çagyrylyp getirilen adamlar – ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, birki sany adam ýerinden turup sowal berýär,ýöne olaryň näme soraýandygy belli bolman galýar» diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly 67 ýaşly saýlawçy aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow golaýda Balkan welaýatynda saparda bolanda Garabogazdaky karbamid zawodynyň işçileri bilen hem duşuşdy. Şonda işçiler özleriniň saýlawda Berdimuhamedowa ses berjekdiklerini aýtdylar.

Bu Berdimuhamedowyň gatnaşýan üçünji prezident saýlawy bolup, ol, resmi maglumatda aýdylmagyna görä, 2007-nji ýylda 6 kandidat, 2012-nji ýylda bolsa 8 kandidat bilen bäsleşipdi.

Türkmenistanda SSSR döwründe, 1990-njy ýylda geçirilen ilkinji prezident saýlawyndan öň, prezidentlige kandidat S.Nyýazow bilen Balkan welaýatynda saparda bolan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şol wagtNebitdagda, Krasnowodskde işçileriň döwlet baştutanyna aljyradýan anyk soraglary berendiklerini ýatlaýar.

S.Nyýazow 1992-nji ýylyň maýynda kabul edilen türkmen konstitusiýasyndan bir aý gowrak soň täzeden saýlaw geçirip, prezidentlige gaýtadan saýlandy we 2006-njy ýylyň dekabryna çenli, aradan çykýança «ömürlik» prezident boldy.

Türkmenistanyň geçen ýyl kabul edilen täze konstitusiýasy esasynda prezident indi ozalkysy ýaly 5 däl-de, 7 ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. HRW guramasynyň dünýä ýüzünde adam hukuklarynyň ýagdaýy barada golaýda çap eden hasabatynda Türkmenistanda 2016-njy ýylyň sentýabrynda Ýaşulular maslahaty we parlament tarapyndan kabul edilen täze konstitusiýanyň prezidentlige kandidatyň aňry ýaş çägini aýryp, ýurtda ömürlik prezidentlige ýol açýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG